ABŞ-nyň telekommunikasiýa kompaniýalary AT&T we “Verizon” şu ýylyň dowamynda müşderilerine golografik smartfon satyp başlajakdyklaryny mälim etdi. “The Red Hydrogen One” atly telefon wideo enjamlaryny öndürýän “Red” şereketiniň ilkinji telefon önümi bolar. “Android” amaly ulgamynda işleýän telefonyň esasy aýratynlygy golografik suraty görkezip bilmegi bolar. Bu aýratynlyk arkaly ýörite äýnek bilen görüp bolýan 3 ölçegli şekilleri görüp bolar. Bu şekili gapdaldan hem görmek mümkin bolar. El hereketleri arkaly dolandyrmaga hem mümkinçilik berler. Şeýle hem telefonyň kamerasy üç ölçegli şekilleri ýazga alyp biler. Onuň gabarasy alýuminden ýasalan görnüşiniň bahasynyň 1 295 dollar, titandan ýasalanynyň hem 1 595 dollar bolmagyna garaşylýar.