Es­to­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Tal­li­niň ýa­şaý­jy­la­ry 5 ýyl­dan bä­ri jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan mugt peý­da­lan­ýar­lar. In­di bol­sa, tö­leg­siz ula­gyň ýur­duň äh­li ýe­rin­de ýo­la go­ýul­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Köp ba­bat­da san­la­ýyn teh­no­lo­gi­ýa ge­çil­me­gi bi­len Es­to­ni­ýa Ýew­ro­pa­nyň in­no­wa­si­ýa paý­tag­ty diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Tal­li­niň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ofi­si­niň baş­ly­gy Al­lan Ala­kü­la beý­le­ki ýurt­lar üçin hem peý­da­ly bol­jak mag­lu­mat­la­ry ber­di. Şä­her­de tö­leg­siz gat­na­wy ýo­la goý­mak üçin il­ki hal­ka sa­la sal­nyp­dyr. Ala­kü­la şeý­le köp wagt­lap do­wam et­jek tö­leg­siz hyz­ma­ty ýo­la goý­mak üçin di­ňe şol wagt­ky ge­ňe­şiň saý­la­nan ag­za­la­ry­nyň bu ka­ra­ra gel­mek­le­ri­ni dog­ry ha­sap et­män­dik­le­ri­ni bel­le­ýär. Tö­leg­siz hyz­mat­dan peý­da­lan­mak üçin şä­he­riň ýa­şaý­jy­sy bol­mak we bir ge­zek­likçe 2 ýew­ro tö­le­mek ýe­ter­lik. Ber­len ýol kar­ty ar­ka­ly is­len­dik jem­gy­ýet­çi­lik ula­gyn­dan peý­da­la­nyp bol­ýar. Ala­kü­la tö­leg­siz hyz­mat ýo­la goý­lan­dan soň­ra, hu­su­sy aw­tou­la­gy bar adam­la­ryň hem jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny, ola­ryň esa­san res­to­ran­la­ra, teatr­la­ra we beý­le­ki köp­çü­lik­le­ýin me­de­ni dynç alyş mer­kez­le­ri­ne has köp bar­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Şeý­le­lik­de, ýol­la­ry ulag dyk­ny­şy­gyn­dan do­ly şä­her has asu­da ýag­da­ýa ge­lip­dir. Hu­su­sy ulag­ly ýa­şaý­jy­la­ryň jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy­na mün­mek­le­ri­ni hö­wes­len­dir­mek üçin tö­leg­siz aw­to­du­ral­ga hyz­ma­ty hem ýo­la goý­lup­dyr. Ýur­duň be­ýe­ki şä­her­le­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry hem şeý­le ta­lap bi­len ýüz tu­tup baş­lan­soň, ýur­duň hö­kü­me­ti bu usu­ly äh­li şä­her­de ýo­la goý­mak ka­ra­ry­na gel­di. Şeý­le­lik­de, Es­to­ni­ýa dün­ýä­de äh­li ra­ýat­la­ry­na jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­ny tö­leg­siz ýo­la go­ýan il­kin­ji ýurt bo­lar.
Hä­zir­ki wagt­da Uels, Pol­şa, Ger­ma­ni­ýa we Fran­si­ýa ýa­ly ýurt­lar­da jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň tö­leg­siz usu­ly sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Ala­kü­la ýer­li hä­ki­mi­ýet­le­riň şä­he­riň äh­li ýe­rin­de şeý­le sy­nag mak­sat­ly usul­la­ry ge­çi­rip gör­mek­de ba­tyr­gaý çe­me­leş­me­li­di­gi­ni aýd­ýar. Ol kä­bir şä­her­de hep­dä­niň iş däl gün­le­ri, kä­bir şä­her­de gü­nüň do­wa­myn­da ýol he­re­ke­ti­niň az ma­ha­ly jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň tö­leg­siz hyzmat edýändigini aýd­ýar. Gel­jek­de Pa­ri­žiň ho­wa­sy­nyň has aras­sa bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin şeýle hyz­ma­tyň ýo­la go­ýul­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Eger Pa­riž ýa­ly uly şä­her­de bu düz­gün ýo­la go­ýul­sa, beý­le­ki şä­her­le­riň hem bu usu­la aň­sat­lyk bi­len geç­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.