Golaýda Gazagystanda “Altyn galam” bäsleşigi yglan edildi. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bäsleşigiň maksady gazak edebiýatyna ýardam bermekden we ony ösdürmekden ybaratdyr. Bu bäsleşikde iň gowy romanlaryň awtory 1 million tenge (3049,91 dollar) bilen sylaglanar.
Saýtdaky ses berlişik “Ýylyň iň gowy şygryýeti”, “Daraboz” – ýylyň iň gowy çagalar we ýetginjekler edebiýaty, “Iň gowy degişme”, “Iň gowy fantastika we detektiw eser”, “Iň gowy kinossenariý we dramaturgiýa”, “Edebiýaty ösdürmekde goşandy üçin”, “Gazak dilindäki iň gowy roman üçin” ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýar.
2009-njy ýyldan bäri geçirilýän bu bäsleşikde “Gazak dilindäki iň gowy roman” we “Daraboz” nominasiýalarynyň ýeňijileri 1 million tenge pul baýragy bilen sylaglanar.