Rus ýazyjy zenany Guzel Ýahinanyň “Meniň perzentlerim” atly täze romany neşir edildi. Ýazyjy eserde bolup geçýän wakalar hakda üç ýyl mundan ozal pikirlenendigini hem-de 2016-njy ýylda ýazmaga girişendigini gürrüň berýär. Täze romandaky wakalar XX asyryň birinji ýarymynda Powolžede bolup geçýär. Mekdep mugallymy Ýakob Bah durmuşynda bolup geçen agyr külpetlerden soňra, terkidünýälige baş urýar. Ol çet-gyrakdaky obalaryň birinde ýeke gyzy Ançeni bir özi ulaldýar we jadyly ertekileri ýazmaga girişýär. Soňra ertekidäki wakalaryň köpüsi haýsydyr bir gudrat bilen amala aşýar…
Guzel Ýahina 1977-nji ýylda Kazanda dünýä inýär. Ol Kazan döwlet pedagogik institutynyň daşary ýurt dilleri fakultetini tamamlaýar. Ol edebiýat žurnallarynyň birnäçesinde çykyş edýär. Ol “Züleýha gözüni açýar” (2015) atly ilkinji romanyndan soň, uly meşhurlyga eýe boldy. Eserde baý-kulak diýlip emlägi alnan we sürgün edilen tatar zenanynyň ykbaly barada söhbet açylýar. Bu roman dünýäniň 24 ýurdunda 16 dile terjime edildi.