Bri­tan fi­zi­gi Sti­wen Ho­kin­giň go­ly goý­lan ki­tap Ang­li­ýa­da 20 müň funt ster­lin­ge (28 müň dol­lar) on­laýn auk­sio­na go­ýul­dy. Bu ba­ra­da “Na­te D San­ders” auk­si­on öýün­de mä­lim edil­di. Alym soň­ky sa­par 1973-nji ýyl­da ke­sel­läp, ma­ýyp­la­ryň ara­ba­sy­na bag­ly bo­lup gal­maz­dan öň, Bra­ýan Breýs­gerd­liň “Se­na­gat yn­ky­la­by­nyň ar­heo­lo­gi­ýa­sy” at­ly ki­ta­by­na gol çe­ken eken. Ki­tap­da fi­zi­giň go­lun­dan baş­ga-da, Kemb­rij uni­wer­si­te­ti­niň ast­ro­no­mi­ýa na­za­ry­ýe­ti ins­ti­tu­ty­nyň beý­le­ki iş­gär­le­ri­niň gol­la­ry hem sak­la­nyp ga­lyp­dyr.
Bil­şi­miz ýa­ly, Sti­wen Ho­king şu ýy­lyň 14-nji mar­tyn­da 76 ýa­şy­nyň için­de Kemb­rij­de ara­dan çyk­dy. Ho­king kwant kos­mo­lo­gi­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ol dün­ýä­niň eme­le gel­şi­niň na­za­ry­ýe­ti­ni öňe sür­di. Ýö­ne aly­myň iň esa­sy yl­my işi äle­miň ga­raň­ky kö­we­gi ba­ra­da­ky işi­dir. Alym 1988-nji ýyl­da “Wag­tyň gys­ga ta­ry­hy” di­ýen yl­my-po­pul­ýar ki­ta­by­ny ne­şir et­di­ren­den soň­ra, dün­ýä de­re­je­sin­de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Eser on­lar­ça di­le ter­ji­me edi­lip, 10 mil­li­on­dan gow­rak nus­ga bi­len ne­şir edil­di.