ABŞ-da belli amerikan ýazyjysy we žurnalisti Tom Wulf 87 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada “New York Times” neşiri habar berýär. Tom Wulf 1970-nji ýyllarda ABŞ-da ýoň bolan “Täze žurnalizm” ugruny esaslandyryjylaryň biridir. Onuň bu ugurdaky “The Kandy-Colored Tangerine Flake Steamline Baby” atly kitaby ilkinji gezek 1965-nji ýylda neşir edilip, iň köp satylan eserleriň biri bolýar.
Ol ýedi sany edebiýat baýragynyň eýesi bolup, olaryň arasynda Milli Kitap gaznasynyň “ABŞ-nyň edebiýatyna önjeýli goşandy üçin” diýen medaly bar. Wulf ömrüniň dowamynda 15 kitap ýazyp, olaryň üçüsi ekranlaşdyryldy.
Ol “The Washington Post”, “New York Times”, “Rolling Stones”, “Esquire”, “Harper’s”, “New York Herald Tribune” we beýleki neşirler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Wulf 1962-nji ýyldan soň elmydama ak penjekde gezip, bu onuň daşky aýratynlygy hasaplanýar.