Görenleri haýran galdyrýan tebigy gözellikleriň köpüsi adam aýagy sekmedik adalarda ýa-da tokaýlaryň jümmüşinde bolýar. Şeýle ýerleriň biri hem Meksikadaky ýerasty kenarýakadyr. Häzire çenli o diýen meşhur bolmadyk bu täsin ýeriň suratlarynyň internet arkaly ýaýramagy bilen oňa gyzyklanma görnetin artýar. Bu täsin kenarýaka Meksikanyň Naýarit ştatyna degişli Maretas adalarynda ýerleşýär. Ol häzirki wagtda jahankeşdeleriň iň köp barýan ýerleriniň birine öwrüldi. Ýöne welin, ol ýere barmak aňsat däl. Deňiz kenaryndaky ýokarsy açyk gowagy görmek üçin ýa dikuçar bilen barmaly, ýa-da tolkunyň az wagty ýüzüp, bolmasa-da, suwuň aşagyndan guwwas lybasynda baryp bolýar. Täsin tebigy gözelligiň müňlerçe ýyl ozal wulkanyň atylmagy netijesinde dörändigi çaklanylýar. Ada hem-de onuň töweregi flora we fauna taýdan baý bolmagy bilen tapawutlanýar. Adanyň golaýynda iri deňiz jandarlary ýaşaýan bolsa, adada ösümlikleriň onlarça görnüşi ösýär. Şeýle hem bu ada guşlaryň birnäçe görnüşleriniň ýaşaýan we gyşlaýan ýerleriniň biridir. Şol sebäpli bu ýer ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we 2005-nji ýyldan bäri tebigy goraghana hasaplanýar. Deňiz kenaryna “Playa de Amor” diýilýär. Tropik howa şertleri sebäpli ähli pasylda hem bu ýere gidip bolýar. Gyşyna bu ýeriň suwunyň has-da dury bolýandygy sebäpli has köp barylýar. Puerto-Walýarta şäherinden 37 km uzakda ýerleşýän ada gämi arkaly gidilýär.