Konserte sabyrsyzlyk bilen garaşýan diňleýjileri köp garaşdyrman, alypbaryjy: “Hormatly tomaşaçylar! Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde 2018-nji ýyl “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edildi. Biziň şu günki konsertimiz hem hut şoňa bagyşlanýar. Onda konserwatoriýanyň mugallymy, ussat sazanda Hojamyrat Hojamberdiýew öz şägirtleri bilen çykyş eder. Kompozitor Jeren Gurbangylyjowa bilen Ýolaman Nurymowyň dutar we fortepýano üçin döreden konsertiniň 3-nji bölümi. Kanonda ýerine ýetirýär Hojamyrat Hojamberdiýewiň tälim berýän 2-nji ýyl talyby Mergen Halykow, konsertmeýster Natalýa Iliçowa” diýip, yglan eden badyna özünde dürli owazlary jemleýän akkord bilen fortepýano zaly dolduryp, ýaňlanyp başlady.
Bu saz eseri türkmen zenanlarymyzyň arasynda kompozitorçylyk hünärinden ilkinji bolup diplom alan kompozitor Jeren Gurbangylyjowa bilen ussat sazandamyz Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymowyň dutar we fortepýano niýetlenip döredilen eseriniň kanon saz guralynda ýerine ýetirilýän nusgasydy.
Çaklaňja giriş sazy ýaňlanan badyna fortepýano bilen köp kirişli kanon esere girişip başladylar. Goşulyp çalynýan iki saz guraly kä pursatlarda hersi aýratynlykda, käte-de bileleşip, ýene-de bir ýerde bolsa, diňe biri dürli görnüşdäki milli saz nagyşlarymyza bezelen sazyň süňňüne içgin aralaşyp, kalbyňy heýjana getirýär. Eserdäki şeýle häsiýet bir-birinden galmajak bolup pellehana tarap okdurylyp barýan bedewlere çalym edýärdi. Sebäbi saz sungatynda konsert ady bilen döredilýän eserlerde göz öňünde tutulýan maksat saz gurallarynyň çylşyrymly ritmleriň yzygiderli üýtgäp, çaltdyr haýal depginleriň üsti bilen ajaýyp sazy ýerine ýetirmegiň özara ýaryşynyň beýanydyr. Fortepýano we kanon saz gurallarynyň bir-birinden galmazlyk üçin zaly dolduryp ýaňlanýan owazlaryna maýyl bolup oturyşyma, ussat sazanda Hojamyradyň özi, çalýan saz guraly we ýerine ýetirýän eserleri hakdaky oýlanmalar edil kino sungatynda wakalaryň beýan edilişi ýaly yzly-yzyna göz öňümden geçip ugrady.
Türkmeniň saz sungaty bahar paslynda al-elwan öwsüp oturan çemenzarlykly meýdanlara meňzedilse, megerem hakykatdan daş düşüldigi bolmaz. Haçanda al-elwan öwüsýän çemenzarlyklara syn etseň, onda gyzyl, ak, sary, melewşe güllere nazaryň düşýär. Türkmeniň saz sungatynyň hataryndaky saz gurallarda ýaňlanýan ululy-kiçili aýdymdyr sazlar aňyrsyna göz ýetmeýän ummany ýatladýar.
Özleriniň şeýle ýakymly owazlary bilen şu günki günlerimize çenli halkymyza ruhy lezzet beren kirişkakar (mediator) bilen ýekelikde fortepýano hem-de köp kirişli saz gurallary toparyna degişli bolan tar, plektorly dutar, kanon, ud, baglama, rubap ýaly saz gurallarymyz bar. Türkmenistan döwletimizdäki saz sungatyndan bilim berýän okuw mekdepleriniň ählisinde atlary agzalyp geçilen saz gurallary boýunça ýetişip gelýän geljekki sazandalara tälim berilýär. Çary Babaýew, Babajan Garaýew, Amanöwez Saparow, Hojamyrat Hojamberdiýew, Narguly Joraýew we Resul Reýimbergenow ýaly saz sungatynyň ussat wekilleri bu saz gurallary boýunça türkmen saz sungatynyň ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşan ussat halypalardyr.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň halypa mugallymy, ussat sazanda Hojamyrat Hojamberdiýew 1953-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän Garadamak obasynda dünýä inýär. Kakalary Hojamberdi aga ir ýogalanlygy sebäpli ýetim galan Hallygözel bilen Hojamyrada tälim-terbiýe bermek Hüýrjemal daýzanyň boýnuna düşýär. Ýetim galan maşgalany daýydyr ýegenleri, goňşy-golamlary, dost-ýarlary goldaýarlar. Galyberse-de, indi maşgalabaşy bolup galan Hüýrjemal daýzanyň erkek dogany il-güniň toý-tomaşalaryna ýarap ýören, halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan ilhalar sazandalaryň biridi. Ata-babalarymyzdan “Aslyna çekermiş, ýüwrük çamanlyk”, “It ata, är daýa” diýlen dana sözler miras galypdyr. Bu sözler halypa mugallym H. Hojamberdiýewe hem degişli. Sebäbi onuň geljekde saz sungatyny hünär edinip, halk arasynda giňden tanalmagynda daýysy, Türkmenistanyň halk artisti diýen belent adyň eýesi ussat gyjakçy Çary Gurbanowyň hyzmaty örän uludyr. Gürrüň ussat sazanda Çary Gurbanow hakda barýarka, maňa köp ýyllap tälim beren halypam, meşhur gargy tüýdükçi Türkmenistanyň halk artisti Baky Maşakowyň bir gürrüňçilikde: “Sahy Jepbaryň halk arasynda giňden meşhur bolmagynda Çary Gurbanyňam uly paýy bardyr” diýen sözleri ýadyma düşýär.
Hojamyrat 1965-nji ýylda sazanda daýysynyň teklibi bilen türkmeniň saz sungatyna köp bagşydyr sazandalary ýetişdirip beren Bäşim Lallakowyň işleýän Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgündäki halk saz gurallary ansamblyna gatnap, ilki dutar soňra tar saz guralyny öwrenip başlaýar. Geljekki ussat sazanda Hojamyrat bir ýyllap B. Lallakowdan tälim alanyndan soňra, tar saz guraly boýunça A. Bagyrow, B. Garaýew ýaly halypalardan sapak alýar. Saz sungatynyň jümmüşine içgin aralaşmaklyga bolan arzuwy Hojamyrady 1968-nji ýylda häzirki Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň gapysyndan eltýär. Sebäbi şol ýyllarda Türkmenistanda saz sungatyndan ýörite orta bilim berýän ýeke-täk okuw mekdebi häzirki Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk mekdebi bardy. Hojamyrat giriş synaglaryndan üstünlikli geçenden soňra bu okuw mekdebiniň Halk saz gurallary bölümine okuwa girip, öň tälim alan halypasy Babajan Garaýewden 4 ýyllap saz sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýär. H. Hojamberdiýew 1972-nji ýylda sazçylyk mekdebiniň tar bölümini ussatlyk bilen tamamlandan soňra, halypa mugallymlarynyň maslahatyna eýerip, Daşkentiň Muhtar Aşrafy adyndaky Özbegistan döwlet konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary bölüminde okuwyny dowam edýär.
Hojamyradyň zehinine göwni ýeten ussat sazanda we kompozitor, dosent Arslan Halmuhammedow ony öz toparyna alýar. Ýeri gelende aýtsak, özbek saz sungatynyň bu görnükli wekiliniň döreden “Tans” atly saz eseri Garaşsyz Diýarymyzdaky saz sungatyndan bilim berýän orta hem ýokary okuw mekdeplerinde gyjak we kirişkakar (mediator) bilen çalynýan saz gurallaryň hemmesi üçin okuw gollanmasy bolup hyzmat edýär.
Maşgalasynyň hemme ýüküni özi çekmeli bolan Hüýrjemal daýzanyň Aşgabatda ýeke galandygy hem-de Türkmenistanda Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň açylandygy sebäpli ol okuwyny bu ýerde dowam etdirýär. Hojamyrat bu okuw mekdebinde Daşkent konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary bölüminiň uçurymy, sazanda hem-de kompozitor, halypa mugallym Çary Babaýewden tälim alýar. Sungat institutynda okan döwürleri ol türkmen kompozitorlarynyň döreden eserleri bilen bilelikde Orta Aziýa we Gazagystan sebitlerindäki kompozitorlaryň we dünýä saz sungatynda tanalýan kompozitorlaryň eserleri bilenem içgin tanyşýar. Döwründe özleşdirilen şol eserler bolsa, oňa özi üçin geljekde tälim berjek şägirtlerine okuw gollanmasy bolup hyzmat edýär. Üstünden birnäçe ýyllaryň geçendigine garamazdan, şol ýyllarda düýpleýin alnan bilimleriň oňa şu günki günlerimizde hem öz ýardamyny berýändigini Hojamyratdan tälim alýan şägirtleriniň ýerine ýetirýän eserlerinden aýdyň duýmak bolýar.
Eger-de türkmen saz sungatynyň soňky 40–50 ýylyna nazar aýlap, ondaky tardyr plektro dutar we rubap hakynda söhbet edilse, onda ussat sazanda, halypa mugallym Hojamyrat Hojamberdiýewiň ussatlyk derejesi ör boýuna galýar.
Onuň türkmen kompozitorlarynyň döreden eserleriniň ilkinji ýerine ýetirijisi hökmünde çalan sazlarynyň mehaniki ýazgylary häzir Türkmen radiosynyň Altyn hazynasynda saklanýar.
Häzirki wagtda Hojamyrat Hojamberdiýewden tälim alan şägirtleriniň ençemesi Diýarymyzyň dürli künjeklerindäki medeni ojaklarynda bagtyýar zamanamyzyň bedew batly ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup zähmet çekýärler. Olaryň arasynda türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, döwletimiz tarapyndan berlen ýokary atlara hem-de Magtymguly Pyragy medalyna mynasyp bolanlary-da bar.
Ussat sazanda H. Hojamberdiýew döwründe türkmen toý-tomaşalaryny aýdymdyr sazlary bilen bezän hem-de atlary türkmen saz sungatynda uly hormat bilen ýatlanylýan Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Rejep Ulugow, Bally Hajyýew kimin ussat aýdymçylaryň gapdalynda sazandarlyk edip, olaryň halk arasynda uly höwes bilen diňlenmeginde şeýle-de olaryň sungatynyň ýokary derejelere galmagynda köp zähmet siňdiren sazandalaryň biridir.
Indi 40 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen saz sungatynyň ösdürilmeginde özüniň saldamly goşandyny goşup ýören halypa mugallym Hojamyrat Hojamberdiýew häzir Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynda zähmet çekip, geljekki ussat sazandalara tälim berýär.
Pursatdan peýdalanyp, medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň belent derejelere ýetirilip, dünýä ýaýylmagynda bimöçber işleri durmuşa geçirýän, halypa şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegine uly mümninçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Çaryýar Jumaýew,
Türkmenistanyň at gazanan artisti,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
uly mugallymy.