Il­kin­ji kos­mos gä­mi­si ge­çen asy­ryň or­ta­la­rynda uçu­ry­lan hem bol­sa, en­tek kos­mos­da edil­me­dik iş­ler, go­ýul­ma­dyk re­kord­lar az däl. Soň­ky ýyl­lar­da bu ug­ra has köp üns ber­ýän Hy­taý Aýyň ga­raň­ky ta­ra­py­na, ýag­ny bi­ze gö­rün­me­ýän ta­ra­py­na kos­mos en­ja­my­ny ug­rat­ma­gy mak­sat edin­ýär. Go­laý­da Aýyň aň­ry ta­ra­py bi­len Ýe­riň ara­syn­da ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­jak “Queqiao” at­ly en­ja­m uçuryl­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Aýyň öz oku­nyň da­şyn­dan aý­lan­ýan wag­ty bi­len Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýan wag­ty deň. Şol se­bäp­li biz Ýe­riň hem­ra­sy­nyň di­ňe bir ta­ra­py­ny gö­rüp bil­ýä­ris. Aýyň aňyr­sy hä­zi­re çen­li bir­nä­çe ge­zek su­ra­ta alyn­dy we öw­re­nil­di. 1962-nji ýyl­da uçu­ry­lan “Ran­ger 4” at­ly en­jam Aýyň ga­raň­ky ta­ra­py­na gon­du­ry­lan hem bol­sa, ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da bo­zu­lyp, on­dan hiç hi­li mag­lu­mat alyp bol­man­dy. Kos­mo­sy öw­re­ni­ji­ler üçin Ýe­riň hem­ra­sy­nyň aňyr­sy­na haý­sy­dyr bir en­ja­my uçur­mak däl-de, on­dan mag­lu­mat al­mak çyl­şy­rym­ly me­se­le bo­lup dur­ýar. Se­bä­bi Aýyň özi Ýe­re is­len­dik ra­dio sig­na­ly­nyň ibe­ril­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. “Queqiao” bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin iş­le­nip dü­zü­len. Aýyň or­bi­ta­syn­da bol­jak “Queqiao” şu ýyl uçu­ryl­jak “Chang’e-4”-iň Ýer bi­len ara­gat­na­şy­gy­ny ýo­la go­ýar. Em­ma Aýyň dar­tyş güý­ji Ýer­dä­ki­den pes bo­lan­soň, haý­sy­dyr bir en­ja­my Aýyň or­bi­ta­syn­da sak­la­mak aň­sat däl. Şol se­bäp­li en­ja­my Ýer bi­len onuň hem­ra­sy­nyň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ýan Lag­ranž no­kat­la­ry­nyň bi­ri­ne ýer­leş­dir­me­li bol­ýar. Bu no­kat Gün bi­len Ýe­riň ara­syn­da Aý­dan 65 müň ki­lo­metr uzaklyk­da­ky (L2) no­kadydyr. “Queqiao” di­ňe “Chang’e-4”-iň sig­nal­la­ry­ny iber­mek bi­len çäk­len­me­ýär. En­jam­da il­kin­ji ge­zek Aýyň ga­raň­ky ta­ra­py­na otur­dyl­jak an­ten­na­lar hem bar. Gol­land hü­när­men­le­ri bi­len bi­le­lik­de ön­dü­ri­len Aşa­ky Ýy­gy­lyk Açy­jy­sy (NCLE) “Uly part­la­ý­şyň” il­kin­ji pur­sat­la­ry­ny hem “diň­lär”. Ast­ro­fi­zik Heý­no Fal­ke ra­dio ast­ro­nom­la­ry­nyň ýyl­dyz­lar­dan we beý­le­ki pla­ne­ta­lar­dan gel­ýän tol­kun­la­ry öw­ren­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Fal­ke äh­li ýy­gy­lyk­da­ky ses­le­ri Ýer­de diň­läp bol­ýan­dy­gy­ny, em­ma 30 MGs-dan pes ra­dio­tol­kun­la­ry­ny at­mos­fe­ra­nyň ge­çir­me­ýän­di­gi­ni we bu tol­kun­lar­da äh­li bar­ly­gyň il­kin­ji pur­sat­la­ry ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ryň bar­dy­gy­ny, şol se­bäp­li ola­ry diň­le­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar.
“Queqiao” ýene-de birnäçe günden aýyn­da L2 no­ka­dy­na ba­ryp ýe­ter.