Skandinawiýa ýurtlary Daniýa bilen Şwesiýanyň arasynda metro gatnawy ýola goýlar. Daniýanyň paýtagty Kopengagenden Şwesiýanyň günorta kenarýakasyndaky port şäheri Malmöniň arasynda guruljak suwasty ýol iki ýurduň arasyndaky 20 kilometrlik bogazdan geçer. Şeýlelikde, goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnawyň wagty iki esse azalar. Her 1,5 minutdan bir gatnaw hereket eder. Bu aralyk 23 minutda geçiler. 2035-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýan taslama agzalýan ýurtlaryň arasyndaky gatnawy ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda, täze iş mümkinçiliklerini hem döreder, täze maýa goýumlary çeker. Gurluşygyna 4 milliard ýewro sarp edilmegine garaşylýan taslamany durmuşa geçirmek üçin iki ýurduň işewürlerinden we hünärmenlerinden ybarat topar döredildi.