Latynça “Diphylleia” diýlip atlandyrylýan ösümligiň ak gülleri ýagyş ýagan mahaly aýna ýaly dury bolup, aňyrsy görünýär. Güller gurandan soňra ýene-de öňküsi ýaly ak reňke öwrülýär. Bu ösümlik dünýäde 3 sebitde – Hytaýda, Ýaponiýada we Amerikadaky Appalaçi dagynyň eteklerinde ösýär. Bu ösümlik çygly howany halaýar. Tebigy şertlerde gögerýän ösümlik öý şertlerinde hem ösdürilýär. Onuň boýy 40 sm-den 1 metre çenli bolýar. Alymlar gülüň nähili ýagdaýda reňksiz bolýandygyny öwrenipdirler. Suw damjalary güle degeninde, islendik zada reňk berýän pigmentleriň täsiri ýitip, dury ýagdaýa öwrülýär. Guran mahaly bolsa, ýene-de öňki ýagdaýyna gelýär.