Şäherara ýa-da halkara gatnawlary amala aşyrýan ýük ulaglaryny hasap etmesek, öz ulagy bilen bir million kilometrden köp ýol geçýän o diýen köp däl. Üstesine, şolbir ulag bilen şeýle uzak aralygy geçmek has kyn bolsa gerek. Wiktor Şeppard atly amerikaly “Toyota Tundra” ulagy bilen 1,6 million kilometr ýol geçmegi başardy. Ol şeýle aralygy geçendigine garamazdan, ulagyny arassa we gurat saklamagy başarypdyr. Ol ulaga wagtly-wagtyna ideg edendigi sebäpli uly sylaga hem mynasyp boldy. Los-Anjelesde ýaşaýan Şeppard 2007-nji ýylda ýolsuz ýerden ýöremäge niýetlenen “Toyota Tundra” ulagyny satyn aldy. Ol iş bilen Demirgazyk Dakota, käwagtlar Wýoming ştatyna, mahal-mahal ýurduň iň gündogaryndaky Wirjiniýa ştatyna gitmeli boldy. Şeýlelikde her ýylda, ortaça, 125 müň mil (200 müň km) töweregi ýol geçdi. Golaýda bu ulagy bilen geçen ýoly 1 million mile (1,6 million km) ýetdi.
Üstesine-de, ol ulagynyň hiç bir şaýyny çalyşmady. Ulagynyň ýagyna-suwuna wagtly-wagtynda seretdiren Şeppard, 9 ýylyň dowamynda ony 117 gezek serwise äkidipdir.
Bu habary internetde ýaýradanyndan soňra ýapon kompaniýasynyň ünsüni çekipdir. Kompaniýanyň wekilleri Şeppardyňka baryp, ulagy ýakyndan görüpdirler. Şeýle hem ony täze 2016-njy ýylyň “Tundra”-sy bilen sylaglapdyrlar. Emma kompaniýanyň wekilleri onuň köne ulagyny alypdyrlar. Ýapon inženerleri 1,6 million ýol geçendigine garamazdan, şeýle gurat saklanan ulag bilen has ýakyndan tanyşmak isleýärler.