Tomusky dynç alyş döwründe el ukyplaryňyzy ösdürmek üçin käbir zatlary özbaşdak ýasamagy öwrenip bilersiňiz. Kagyzy eplemek arkaly dürli şekilleri ýasamak sungatyna origami diýilýär. Ýapon medeniýetine degişli bolan bu sungat häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýrandyr. Geliň, kagyzdan jaýjagaz ýasalyň! Munuň üçin ähli tarapy deň kagyz, çyzgyç hem-de galam gerek. Şekili taýýar edeniňizden soňra, öz islegiňize görä, onuň üçegini, penjirelerini we gapysyny reňklemegi unutmaň.