Esasan kosmos giňişliginde peýdalanmak üçin işlenip taýýarlanan üç ölçegli printerleriň önümçilik çygyry barha giňeýär. Golaýda üç ölçegli motosikl önümçiligiň bu usuly arkaly taýýarlandy “Light Rider” atly motosikl “Airbus” kompaniýasynyň hyzmatdaşy “APWorks” şereketi tarapyndan ýasalypdyr. Onuň agramy bary-ýogy 35 kg. “APWorks” berkligi bilen tanalýan alýuminden, magniden we skandiden taýýarlanan “Scalmalloy” atly materialy taýýarlapdy. “Airbus” kompaniýasynyň bu materialdan nämeler edip boljakdygyny görkezmegiň aladasyny edýärdi. Bu material uçar önümçiliginde peýdalanmak maksady bilen taýýarlanypdy.
“Light Rider” üç sekuntda sagatda 45 km tizlige ýetip bilýär. Elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedlere görä 30 göterim has ýeňil we onuň iň ýokary tizligi sagatda 80 km-e ýetýär. Ulagyň 6 kg-lyk batareýasy 60 kilometre çenli gitmäge mümkinçilik berýär. “Scalmalloy” atly maddanyň berkligi titana meňzeýär. Onuň çüýremäge we poslamaga garşy hem goraglydygy aýdylýar. Bu materialyň robot, awiasiýa we awtoulag senagatynda üç ölçegli önümçilik üçin amatly boljakdygy aýdylýar.