Köp wagt­dan bä­ri “Go­og­le”-yň “Pro­ject Ara” tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki iş­le­nip dü­zül­ýän telefon güýz aý­la­ryn­da taý­ýar bo­lar. Ol in­di­ki ýy­lyň ba­şyn­dan baş­lap, sarp edi­ji­le­re ýe­ti­ri­ler. Bu te­le­fo­nyň kä­bir bö­lek­le­ri­ni ça­lyş­mak ar­ka­ly onuň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny azal­dyp ýa-da kö­pel­dip bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da “Go­og­le”-yň iş­gär­le­ri­niň 30-sy bu te­le­fo­ny sy­nag mak­sa­dy bi­len ulan­ýar. Te­le­fo­nyň ek­ra­ny 5,3 dýuým bo­lar we “and­ro­id” ama­ly ul­ga­myn­da iş­lär.
Bu te­le­fo­ny taý­ýar­la­ma­ga “Pa­na­so­nic”, TDK, “iHealth”, “E Ink”, “Tos­hi­ba”, “So­ny Pictu­res Ho­me En­ter­ta­in­ment” hem-de “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­la­ry gol­daw ber­ýär.