Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni taý­dan gül­läp ösü­şin­de sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na aý­ra­tyn orun ber­lip, öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra gat­na­şyk­lar gün­sa­ýyn iş­jeň­leş­di­ril­ýär we sy­ýa­hat­çy­ly­gy gu­ra­ma­ga tä­ze­çe, has yk­jam çe­me­le­şil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy, Ga­dy­my Mer­wiň, Nu­sa­ýyň, De­his­ta­nyň, Kö­ne­ür­gen­jiň, Köý­ten­da­gyň meş­hur ýa­dy­gär­lik­le­ri sy­ýa­hat­çy­ly­gy söý­ýän­le­ri bar­ha özü­ne çek­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi ýy­ly” di­ýlip at­lan­dy­ry­lan 2018-nji ýyl türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­na hä­zir­ki döw­rüň nuk­daý­na­za­ryn­dan ba­ha ber­mä­ge, ony tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ga we dün­ýä iç­re wa­gyz-ne­si­hat et­mä­ge has uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy. Ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­ly­gyn­da ga­za­nyl­ýan gör­ke­zi­ji­ler ja­han­keş­de­li­giň ös­ýän­di­gi­ne hem-de döw­let we hu­su­sy sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň hyz­mat­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­niň art­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu ýy­lyň ba­şyn­da Ita­li­ýa­nyň döw­let te­le­ra­dio gep­le­şik­le­ri kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň “Rai 3” te­le­ýaý­ly­my­nyň Türk­me­nis­ta­ny 2018-nji ýyl­da iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de at­lan­dyr­ma­gy giň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly ses­len­me dö­ret­di. Ýur­du­my­zyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­rin­den baş­ga-da, soň­ky dö­wür­de Ha­za­ryň ke­nar­ýa­ka­sy, Awa­za­nyň tä­ze şy­pa­ha­na ugur­la­ry köp­çü­lik­le­ýin gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Bu zo­la­gyň uly gel­je­gi­ni we ösü­şi­ni na­za­ra al­mak bi­len, da­şa­ry ýurt sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ry oňa de­ňiz, ke­nar­ýa­ka dynç al­şy we ýah­ta sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň dün­ýä mer­kez­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ga­ra­ýar­lar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­ry­hy­my­zy öw­ren­mä­ge hem-de yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mä­ge äh­li şert­le­ri dö­re­dip, türk­men we da­şa­ry ýurt alym­la­ry­na hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýän­di­gi, ýur­du­myz­da ta­ry­hy-me­de­ni mi­ras bo­ýun­ça yl­my mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän­di­gi, sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek üçin oňaý­ly şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi wa­tan­daş­la­ry­my­zyň buý­sanç­ly baş­la­ry­ny gö­ge ýe­tir­ýär. Ýa­kyn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler­de 2018–2021-nji ýyl­lar­da ar­heo­lo­gik ga­zuw-ag­ta­ryş­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi-de hal­ky­my­zy çäk­siz buý­san­dyr­dy. Çün­ki hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, her bir şa­ha­sy ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­mä­ge my­na­syp bo­lan bu ta­ry­hy ýo­luň ke­ma­la gel­me­gin­de hem-de iş­jeň he­re­ket et­me­gin­de esas eme­le ge­ti­ri­ji orun­la­ryň bi­ri bi­ziň hal­ky­my­za de­giş­li­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän ýaryşlaryň başlanmagyna ak pata bermegi, we­lo­si­ped we yl­gaw ýa­ryş­la­ryna badalga berilmegi hem bu ta­ry­hy ýo­luň gym­mat­ly­lygy­ny dün­ýä ýaý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Da­şa­ry ýurt­lar­da mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny wa­gyz et­me­giň ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­niň bi­ri hem ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri­niň hal­ka­ra ser­gi çä­re­le­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naş­mak­la­ry­dyr. Çün­ki olar­da ta­nyş­dy­ryş çä­re­le­ri, işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry we gep­le­şik­ler ge­çi­ri­lip, ýo­ka­ry iş ne­ti­je­le­ri ga­za­nyl­ýar hem-de tej­ri­be top­la­nyl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ri­len sy­ýa­hat­çy­lyk ýar­mar­ka­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ne gat­naş­mak­la­ry uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Awst­ri­ýa­da gu­ra­lan meş­hur “Fe­ri­en – Mes­se Wi­en” sy­ýa­hat­çy­lyk ser­gi­si­ni gör­kez­mek bo­lar. On­da eziz Di­ýa­ry­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­niň giň top­lum­la­ry­na, ýew­ro­pa­ly­lar üçin tä­sin bo­lan Ga­ra­gum çö­lü­ne, Ýaň­ga­la­nyň tä­sin kün­jek­le­ri­ne we ýur­du­my­zyň beý­le­ki meş­hur te­bi­gy ýer­le­ri­ne hö­dür­len­ýän ugur­lar uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Is­pa­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Mad­rid şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “HI­TUR – 2016” hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ser­gi­sin­de hem Türk­me­nis­ta­nyň di­war­ly­gy gör­ke­zil­di. Bu ser­gi­niň iş­län döw­rün­de Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri­niň is­pa­ni­ýa­ly we por­tu­ga­li­ýa­ly kär­deş­le­ri bi­len işe­wür gep­le­şik­le­ri­ni ge­çir­me­gi, du­şu­şyk­la­ryň kä­bi­rin­de hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny res­mi taý­dan ber­kid­ýän yla­la­şyk­la­ryň ga­za­nyl­ma­gy gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­ler bol­dy.
Finl­ýan­di­ýa­nyň paý­tag­ty Hel­sin­ki şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ser­gi­sin­de hem Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry gör­ke­zi­lip, sy­ýa­hat­çy­lyk hyz­mat­la­ry hö­dür­len­di. On­da Hel­sin­ki şä­he­rin­den Or­ta Azi­ýa çen­li 12 gün­lük sy­ýa­hat­çy­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­ret­di we onuň çäk­le­rin­de ja­han­keş­de­ler ak mer­mer­li şä­her hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ren Aş­ga­ba­da we Ma­ry şä­he­ri­ne ba­ryp gör­dü­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ta­ra­pyn­dan sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­na mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­me­giň we döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň dep­gin­le­ri­ni çalt­lan­dyr­ma­gyň hem-de eks­por­ta ug­ruk­dy­ry­lan yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­me­giň kuw­wat­ly gu­ra­ly hök­mün­de aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Sport sy­ýa­hat­çy­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň uly kuw­wa­ta eýe bo­lan tä­ze ug­ru­dyr. Ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň öňün­de bu ug­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça aý­dyň we­zi­pe­ler dur­ýar. Mu­nuň üçin hem­me şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler – hä­zir­ki za­man hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri, tä­ze uçar­lar, de­mir ýol ul­ga­my­nyň dü­zü­mi, aw­to­mo­bil ýol­la­ry, döw­re­bap myh­man­ha­na­lar, tej­ri­be­li hü­när­men­ler, dün­ýä dil­le­ri­ni bil­ýän ta­nyş­dy­ry­jy­lar bar.
Hä­zir­ki dö­wür­de Ta­ry­hy-ül­kä­ni öw­re­niş sy­ýa­hat­çy­ly­gyn­da ba­zar ugur­la­ry­ny ös­dür­mek üçin hem anyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Sy­ýa­hat­çy­ly­gyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li or­ny beý­le­ki ýurt­la­ryň ta­ry­hy­ny, däp-des­sur­la­ry­ny we mi­ra­sy­ny bil­mä­ge, şo­nuň ne­ti­je­sin­de mil­le­ta­ra me­de­ni we dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge kö­mek ed­ýär.
Her bir gü­ni ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len gü­neş­li ül­kä­miz­de we­lo­si­ped sy­ýa­hat­çy­ly­gy hem üs­tün­lik­li ýo­la go­ýul­ýar. Mu­nuň özi il-ýurt we umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

No­bat MY­RAT­LY­ÝEW,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň
Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy
ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.