1963-nji ýylda öndürilen “Ferrari GTO” awtoulagy 70 million dollara satyldy. Agzalýan awtoulagdan bary-ýogy 36 sanysy öndürilen eken. Bu häzire çenli iň gymmat bahadan satylan awtoulag hökmünde hasaba alyndy. Awtoulagyň täze eýesi Dawid MakNeýl awtoulaglar aksessuarlaryny öndürýän “WeatherTech” kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär. Awtoulag 1964-nji ýylda “Tour de France” rallisinde birinji bolupdyr. “Le Mans” ýaryşynda bolsa dördünji bolup pellehana gelipdir.
Mundan ozal, 1963-nji ýylda öndürilen “Ferrari GTO” 2013-nji ýylda 52 million dollara satylypdy. 2014-nji ýylda bolsa, 1962-nji ýylyň “Ferrari GTO” ulagy 38 million dollara satylypdy. “Ferrari GTO”-lar hemişe kolleksiýaçylar üçin iň arzyly awtoulag bolmagynda galýar. Sebäbi olar owadanlygy, kuwwatlylygy we ýaryş ýollarynda görkezen netijeleri bilen tapawutlanýar. Bilermenler bu awtoulaglaryň bahasynyň golaýda 100 million dollara çenli artyp biljekdigini belleýärler.