“Fiat” kompaniýasy täze “Fullback” atly pikap ulagyny tanyşdyrdy. “Fullback” amerikan futbolynda goranyp hem-de hüjüm edip bilýän oýunça diýilýär. Bu ýerde oýnaýan futbolçy hem kuwwatly, hem çydamly bolmaly bolýar. Ulagyň öňe manual 6 hem-de awtomat 5 tizlik geçiriji basgançagy bar. Täze ulagyň 150 hem-de 180 at güýçli iki görnüşi bar. Pikapyň göwrümi 2,4 litrlik turbo dizel motory 100 kilometrde 6,3 litrlik ýangyç sarp edýär. “Fullback”-iň içinde 6,8 dýuýmlyk sensor ekranly multimedia ulgamy, gyzdyryjyly deri oturgyçlary sürüjiniň we ýolagçylaryň rahat bolmagyny gazanýar. “Fiat”-yň bu ulagy öz klasynda içi iň giň model hasaplanýar. Şeýle hem ulag ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. “Treyler” deňagramlylyk ulgamy bilen üpjün edilen ulagyň içinde 7 sany howa ýassygy bar. Iň kyn ýol şertlerinde hem sürüp boljak “Fiat Fullback”-iň beýikligi 1,8 m, giňligi 1,8 m we uzynlygy 3 m. Ýük göterijiligi 1 tonnna bolan ulag 3 tonnalyk ýüki çekip bilýär.