Ýaponiýanyň fotoenjam tehnologiýalaryny öndürýän “Canon” kompaniýasynyň geçen ýylyň sentýabrynda mälim eden 120 megapiksellik enjamy sergä çykaryldy. DSLR ýagny obýektiwi çalşyp bolýan fotoapparaty Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilen “Canon Expo” atly sergide görkezildi. Onuň daşky görnüşi häzirki wagtda satylmagy dowam edýän 5DS modeline meňzeýär. Häzirlikçe nusgalyk görnüşi taýýarlanan enjam DLR modeline çalym edýär. Onuň suratlary bolsa, “DCFever” neşiri tarapyndan internetde ýaýradyldy. Saýtyň beren maglumatyna görä, fotoenjamyň ýeke-täk suratynyň göwrümi 214 MB-a deň bolar. Käbir önüm öndürijiler şeýle nusgalyk enjamlaryny köpçülikleýin önümçilige goýbermeýär. Şol sebäpden bu ýokary hilli enjamyň öndürilip öndürilmejekdigi häzirlikçe nämälim. Häzirki wagtda ortaça, DSR fotoapparat azyndan 18 megapiksel durulygynda surata alyp bilýär. “Canon”-yň has ýokary aýratynlykly modelleriniň 50 megapiksellik görnüşleri hem bar. Surata düşürilende, megapiksel bilen ölçelýän durulygyň belli bir ýerden soňra o diýen peýdasy ýok. Emma käbir ýörite maksatlar üçin ulanylýan fotoapparatlarda ýokary durulykdaky sensorlar bolýar.