Dünýäniň iri maglumat we telekommunikasiýa sergisi hasaplanýan “CeBIT 2018” sergisi Germaniýanyň Gannower şäherinde geçirilýär. 2018-nji ýylyň 11-15-nji iýuny aralygyndaky bu gözden geçiriş çäresine dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan tehnologiýa enjamlaryny öndürýän iri kompaniýalaryň müňlerçesi gatnaşýar. Bu ýerde 2,8 müňden gowrak diwarlyk döredildi. Şolarda tehnologiýanyň soňky gazananlary görkezilýär.
Guramaçylaryň aýtmagyna görä, sanlaýyn tehnologiýa geçmek we onuň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ornaşdyrylmagy, robot tehnikasy we özbaşdak işleýän ulag önümçilikleri serginiň üns merkezinde bolar.
“CeBIT” sergisi Gannowerde 1986-njy ýyldan bäri her ýyl yzygiderli geçirilýär. Ol maglumat we telekommunikasiýa ulgamynda tehnologiýanyň soňky gazananlaryny görkezmek üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär.
Germaniýanyň Gannower şäheri dünýäde iri sergileriň geçirilýän merkezi hasaplanýar. Her ýyl bu şäherde dürli wagtlarda geçirilýän sergilere tomaşa etmek üçin 2 milliondan gowrak adam gelýär. Sergilere gatnaşmak işewürligi ösdürmek we täze hyzmatdaşlaryňy tapmak üçin amatly mümkinçilikdir. 2017-nji ýylda geçirilen bu sergä 3 müňden gowrak kompaniýa öz önümlerini hödürläpdi we 200 müňden gowrak adam tomaşa etmäge gelipdi.