Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň öz­bo­luş­ly jaý top­lum­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ne-de bir tä­sin des­ga dol­du­rar. “Gulf News” ga­ze­ti­niň ha­ba­ry­na gö­rä, bu sa­par Du­baý­da da­şyn­dan se­re­de­niň­de “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň meş­hur saz ple­ýe­ri “iPod”-y ýa­dy­ňa sal­ýan “akyl­ly” ýa­şa­ýyş ja­ýy peý­da bo­lar. Gon­kon­gyň “Ja­mes Law Cyber­tectu­re” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ne­ri Jeýms Lou ta­ra­pyn­dan tas­la­nan “The Pad”-yň ady­na eýe bo­lan 26 gat­ly jaý Du­ba­ýyň mer­ke­zin­dä­ki biz­nes aý­la­gyn­da ýer­leş­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň saý­tyn­da bel­le­ni­li­şi­ne gö­rä, bu tas­la­ma teh­no­lo­gi­ýa­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly bi­na­gär­li­giň tä­ze­çil ugur­la­ry­ny öz içi­ne alyp, bi­na­nyň ýa­şaý­jy­la­ry otag­la­ry­ny öz ze­rur­lyk­la­ry­na gö­rä me­ýil­leş­di­rip bi­ler­ler.
Ha­bar ber­li­şi­ne gö­rä, bi­na­nyň için­dä­ki äh­li otag­lar elekt­ron gulp­lar, ses bi­len do­lan­dy­ryş en­jam­la­ry we öz­bo­luş­ly aý­na­lar bi­len üp­jün edi­lip, ýa­şaý­jy­la­ryň eş­ret­li dur­mu­şy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­ler. Bu bi­na­nyň il­kin­ji ýa­şaý­jy­sy eý­ýäm şu ýy­lyň do­wa­myn­da tä­ze bi­na gö­çüp ge­ler.
Du­baý öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik des­ga­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. My­sal üçin, Du­baý­da­ky 828 metr be­lent­lik­dä­ki iň be­ýik gök­di­rän “Bor­je-Ha­li­fa”, meý­da­ny 3,96 mil­li­on ine­dör­dül met­re deň bo­lan “Du­baý moll” at­ly iri söw­da mer­ke­zi, iň uly su­rat çar­çu­wa­sy (150 metr), 75 gat­ly dün­ýä­niň iň be­ýik myh­man­ha­na­sy (256 metr) we beý­le­ki­ler köp­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar.