“Apple” kompaniýasy innowasion noutbuk döretmegiň üstünde işleýär. Sensor ekran we ARM prosessor bilen abzallaşdyryljak gibrid enjam “Star” (Ýyldyz) diýlip atlandyrylar. Şeýle hem noutbukda SIM kartlar üçin içinden ýörite oturdylan ýer we GPS moduly bolar. Hünärmenler enjamyň suw syzdyrmajakdygyny aýdýarlar. Şeýle hem enjamyň bütin bir gije-gündizläp işjeň ýagdaýda ulanylan halatynda hem zarýadsyz oňjakdygy aýdylýar. Täze enjamda haýsy amaly ulgamyň boljakdygy we onuň haçan satuwa çykaryljakdygy häzirlikçe mälim edilmedi. Maglumatlara görä, kompaniýa täze enjamyň ilkinji nusgalaryny üstümizdäki ýylyň başynda işläp düzmäge girişdi we synagdan geçirmek üçin Kupertinodaky ştap-kwartirasyna ugratdy.