Gü­neş­li ho­wa­da ge­ze­lenç ed­ýän ma­ha­ly­ňyz agaç­dyr gül­le­riň şa­ha­la­ry­na gon­ýan ýa-da uç­ýan te­ne­çir­le­ri gö­ren bolsaňyz gerek. Bu tä­sin jan­da­ryň be­den gur­lu­şy örän üýt­ge­şik bo­lup, ho­wa ulag­la­ry we ho­wa­da he­re­ket ed­ýän beý­le­ki en­jam­lar ýa­sa­lan­da in­že­ner­ler üçin yl­ham çeş­me­si bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hem ho­wa ulag­la­ry kä­mil­leş­di­ri­len­de te­ne­çi­riň ga­nat­la­ry has içgin öw­re­nil­ýär. Ada­ma hiç hi­li zy­ýa­ny bol­ma­dyk bu jan­da­ryň bir­nä­çe peý­da­sy bar. Ola­ryň iň esa­sy peý­da­sy çy­byn­la­ry aw­lap, ola­ryň sa­ny­nyň azal­ma­gy­na go­şant goş­ma­gy­dyr. Adat­ça, o di­ýen uly bol­ma­ýan te­ne­çir­le­riň ag­ra­my 100 gra­ma ba­ra­bar bo­lup, has iri gör­nüş­le­ri Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da­ky ada­lar­da ýa­şa­ýar. 5000 tö­we­re­gi gör­nü­şi bo­lan te­ne­çir­ler 6-7 ýyl ýa­şa­ýar. Bir ýa­şy­na çen­li suw­da­ky has maý­da jan­dar­lar bi­len iý­mit­le­nýärler. Ho­wa­da ga­nat­la­ry­ny ka­kyp, bir du­ran ýe­rin­den gy­myl­da­man du­rup bil­ýär­ler. Beý­le­ki mör-mö­jek­ler­den ta­pa­wut­ly­lyk­da ola­ryň ga­tan­la­ry ep­len­me­ýär we be­de­ni­ne ýa­pyl­ma­ýar. Iki sa­ny go­şa ga­na­ty bo­lan te­ne­çir­le­riň örän köp öwüş­gin­li reňk­li­le­ri bar. Ola­ryň tiz­li­gi sa­gat­da 95 km-e çen­li ýet­ýär. Ys alyş uky­by o di­ýen ösmedik bu jan­da­ryň görüş uky­by örän ýo­ka­ry­dyr. Te­ne­çir mör-mö­jek­le­riň ara­syn­da iň uly göz­lü­si ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li olar aw­la­ry­ny ökdelik bi­len tut­ýar­lar we uçup bar­ýar­ka ýuwudýarlar.
Ata­nak­la­ýyn ga­nat­la­ry be­de­ni­ni ho­wa­da de­ňag­ram­ly sak­la­ma­gyna ýar­dam ed­ýär. Bu ýag­daý oňa örän çe­ýe he­re­ket et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.