Mälim bolşy ýaly, bagtyýarlyk döwrümizde halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada, şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Diňe bir watandaşlarymyzyň däl-de, eýsem, halkara sport bileleşiginiň hem giň goldawyna eýe bolýan strategiýanyň üstünliklere beslenýändigine hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär.
Sportuň bu görnüşi ýurdumyzda aýratyn meşhurlyga eýedir. Häzirki zaman welotrekleriň gurulmagy hem-de beýleki sport toplumlarynyň bina edilmegi, şeýle hem milli Liderimiziň öz hatarlaryna ähli ýaşdaky türkmenistanlylaryň müňlerçesini birleşdirýän yzygiderli welosipedli ýörişleri geçirmek boýunça ýola goýan ajaýyp ýörelgesi welosiped sportunyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly taryhy medeni gymmatlyklarymyzyň we sport hereketiniň uly ösüşlere beslenjek ýyly bolar. Ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini wagyz etmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende galdyrmakda uly ähmiýete eýe boljak “Amul – Hazar 2018” sport çäresi ylgaw ýaryşlaryny, welosipedli ýörişleri we halkara awtorallini öz içine alýar. Ozal habar berlişi ýaly, 26-njy fewralda milli Liderimiz Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Onuň ugrunyň häzirki wagtda täze görnüşde dikeldilýän gadymy meşhur ýol boýunça geçýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir, Türkmenistanyň çägi bolsa, bu ýoluň ýüregi bolup durýar.
Milli Liderimiziň yzygiderli belleýşi ýaly, häzirki döwürde sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegine öwrülmelidir. Ol dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň pugtalandyrylmagyny, halklaryň arasyndaky ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklaryny üpjün etmelidir. Halkara guramalarynyň 2019-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda birnäçe halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyna şaýatlyk edýär.
Ildeşlerimiz, aýratyn-da, ýaşlar milli Liderimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky başlangyçlaryny gyzgyn goldaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladany, beden taýdan sagdyn hem-de ruhubelent ýaşlary terbiýelemegi döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary we wagyzçysy bolmak bilen, bu babatda ildeşlerimiz, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlar üçin nusgalyk görelde görkezýär.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzda halkara ähmiýetli sport ýaryşlary guralar. Häzirki döwürde halkara bäsleşiklerine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda şu ýyl Türkmenistanda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçiriler.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine we şu ugur boýunça guralýan ylgaw hem-de welosiped ýaryşlaryna badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek bilen bir hatarda jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar mynasybetli welosipedli ýörişleri guramak asylly däbe öwrüldi.
Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ilat köpçüliginiň, hususan-da, ýaşlaryň sportuň bu görnüşine işjeň çekilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Çünki welosiped sporty we sportuň bu görnüşi bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan saglygyny berkitmek we adam synalarynyň sagdyn bolmagyny üpjün etmek babatda has-da möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.
Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bedenterbiýäniň, sportuň milli we beýleki görnüşleriniň, welosiped sportunyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy ilatyň saglygynyň berkidilmeginiň, dürli keselleriň öňüni almagyň möhüm şertini emele getirýär. Şunlukda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda halkara derejesindäki sport ýaryşlary bilen bir hatarda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerine giň gerim berildi.
Gözel Aýnazarowa,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň kafedra müdiri.