“The Be­at­les” aý­dym-saz to­pa­ry­nyň ozal bel­li bol­ma­dyk tä­ze su­rat­la­ry ta­pyl­dy. “Li­wer­pul dört­lü­gi­niň” 60 fo­to­su­ra­ty ýa­po­ni­ýa­ly bel­li su­rat­çy Ko­sud­zi Abe­niň plýon­ka­la­ry şe­ki­le öwür­mek üçin iş­le­ýän ga­raň­ky ota­gyn­dan ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Su­rat­lar­da an­samb­lyň 1966-njy ýy­lyň tom­sun­da Ýa­po­ni­ýa sa­pa­ryn­da­ky pur­sat­la­ry şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Şe­kil­le­riň aw­to­ry Ko­sud­zi Abe şol bir­wag­tyň özün­de pop-sa­zan­da­sy hem bo­lup iş­läp­dir we “bitl­ler”-e öz ýur­dun­da sa­zan­dar­lyk et­mek bag­ty mi­ýes­ser edip­dir. Us­sat su­rat­çy 10 ýyl mun­dan ozal, ara­dan çyk­ýar. Onuň şol ýyl­lar­da alan su­rat­la­ry­nyň ne­ga­ti­wi­ni bol­sa, go­laý­da onuň öýün­den ta­pyp­dyr­lar.
Bi­ler­men­ler 1966-njy ýy­lyň 2-nji iýu­nyn­da To­kio­da al­nan bu su­rat­la­ryň aý­ra­tyn gym­ma­ty­nyň bar­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Çün­ki to­pa­ryň şol çy­ky­şyn­da­ky su­rat­la­ry hä­zir­ki gün­le­re çen­li ýok ha­sap­lan­ýar­dy. In­di to­pa­ryň Ýa­po­ni­ýa­nyň Ha­ne­da ae­ro­por­tu­na ge­len pur­sa­tyn­dan baş­lap, ola­ryň gost­ro­ly­nyň nä­hi­li ge­çen­di­gi bi­len ta­nyş­mak müm­kin.
“The Be­at­les” to­pa­ry 1960-njy ýyl­da dö­re­dil­ýär. Onuň dü­zü­mi­ne Jon Len­non, Pol Mak­kart­ni, Jorj Har­ri­son we dep­rek­çi Pi­ter Best gi­rip­dir, ýö­ne ony 1962-nji ýyl­da Rin­go Starr çal­şyp­dyr. 1962-nji ýyl­dan 1970-nji ýy­la çen­li “li­wer­pul dört­lü­gi” köp mil­li­on nus­ga bi­len ýaý­ra­dy­lan 12 al­bo­my­ny, 13 mi­ni-al­bo­my­ny we 22 sing­li­ni çy­kar­dy. To­pa­ryň soň­ky stu­di­ýa al­bo­my “Let it be” 1970-nji ýyl­da çyk­dy. Pol Mak­kart­ni we Rin­go Starr şol gün­den bä­ri dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär­ler – aý­dym ýaz­ýar­lar we bü­tin dün­ýä­de çy­kyş ed­ýär­ler. “Rol­ling Sto­ne” ne­şi­ri “The be­at­les” to­pa­ry­ny äh­li dö­wür­le­riň iň be­ýik aý­dym­çy­la­ry­nyň sa­na­wyn­da bi­rin­ji orun­da goý­ýar.