“Lo­up Ven­tu­res” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bi­ler­men­le­ri “App­le Glass”-yň 2021-nji ýyl­da peýda boljakdygyny öňe sür­ýär­ler. Bel­li “vis­ta­news.ru” saý­ty­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, Jin Mýuns­ter üs­ti ha­ky­kat bi­len dol­du­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa bi­len iş sa­lyş­ýan “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri bi­len gür­rüň­deş­lik­den soň­ra ge­len ne­ti­je­si­ni mälim et­di. Bi­ler­men “App­le Glass”-yň 2021-nji ýyldan öň hem köp­çü­li­ge hö­dür­lenmeginiň mümkindigini, ýö­ne üs­ti ha­ky­kat bi­len dol­du­ry­lan şeý­le äý­nek­le­riň heniz kämilleşdirilmelidigini belläp geç­di. Şo­nuň üçin hem şeý­le äý­nek­le­riň doly önüm­çi­li­gi­niň belli bir döwri öz içine aljakdygyny aýtdy.
“App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş ýol­baş­çy­sy Tim Kuk bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň he­niz kä­millik ýoluny geçýändigini tas­syk­la­dy. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, “App­le” sa­tu­wy­nyň bi­rin­ji ýy­lyn­da ABŞ-nyň 1300 dol­la­ry­na deň bo­lan “akyl­ly” äý­nek­le­ri­niň 10 mil­lio­ny­ny sa­tar. Jin Mýunst­eriň ha­sap­la­ma­la­ry­na gö­rä, 13 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar gir­de­ji kom­pa­ni­ýa­nyň 2022-nji ýyl­da­ky äh­li gir­de­ji­le­ri­niň 3 gö­te­ri­mi­ne deň bo­lar.