Multfilmlerde kirpijigiň almany we kömelegi alyp barýan şekillerine duşan bolsaňyz gerek. Mi­we­li agaç­laryň erikdir şet­da­ly, al­ma ýa­ly mi­we­le­ri­ni gü­jeň­le­şip otyr­an şu günlerinde al­ma tutup oturan kir­pijik ýasamak isleýäňizmi? Ge­liň, on­da öz uky­by­my­zy kä­mil­leş­dir­mek üçin go­za­dan kir­pi­jik ýa­sap, oňa bir al­ma sow­gat ede­liň! Kir­pi­ji­giň aşa­gy­na agaç ýap­rak­la­ry­ny dü­şe­se­ňiz, ol has hem owa­dan gör­ner.
Il­ki bi­len bir sa­ny ar­ça go­za­sy­ny tap­ma­ly. Soň­ra go­ňur plas­ti­lin­den onuň ýi­ti uç­ly kellesini ýa­sa­ma­ly. Ony ar­ça go­za­sy­nyň uç ta­ra­py­na ýer­leş­dir­me­li. Soň­ra onuň uju­na to­ga­lak ga­ra­ plas­ti­linden burun ýa­pyş­dyr­ma­ly. Aşag­ra­gyn­dan gy­zyl­ja di­li­ni ýer­leş­di­riň. Il­ki iki sa­ny ýa­sy te­ge­lek ýa­sap, üs­tün­den ki­çi­räk ga­ra te­ge­lek go­ýup, göz­le­ri­ni ýasaň. Su­rat­da­ky ýa­ly edip, öň­ki aýak­la­ry­ny ýa­sap go­za ýa­pyş­dy­ryň. In­di bol­sa, taý­ýar bo­lan kir­pi­ji­ge mult­film­ler­de gör­şü­miz ýa­ly, onuň iň go­wy gör­ýän mi­we­si­ni be­räý­mek gal­ýar.