Dünýäde käbir rekordlar bir ýyldan soňra täzelenýär. Emma käbir rekordlary onlarça ýyllap täzeläp bolmaýar. 1973-nji ýylda işlenip taýýarlanan BD-5 atly bir orunlyk uçar hem şeýle rekorda eýe. Ol iň kiçi uçar hasaplanýar. Bu ugurda Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyran uçaryň bu rekordy birnäçe ýyllap täzelenmedi. Howa ulagynyň beýle kiçi we ygtybarly bolmagynda inženerleriň we konstruktorlaryň tagallasynyň uludygyny bellemek gerek. Bu kindiwanja howa gämisiniň reaktiw hem-de perli motorly görnüşleri bar. 1970-nji ýyllarda bu uçaryň taslamasy tanyşdyrylanda, entek onuň synag uçuşy amala aşyrylmadyk bolsa-da, 800-den gowrak sargyt alypdyr. “BedeCorp” şereketiniň öndüren uçarynyň kuwwaty 60 at güýjüne barabar bolup, ol sessiz we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Uçaryň BD-5A we BD-5B atly iki sany perli görnüşi bolup, olaryň ganatynyň giňligi degişlilikde, 4,5 we 6,5 metre barabar. Reaktiw hereketlendirijili modeli BD-5J-iň ganatynyň giňligi 5,3 metr. Uzynlygy 4 metre barabar bolan BD-5-iň agramy 140,5 kg. Onuň iň ýokary tizligi 341 km/s. Soňky ýyllarda uçaryň birnäçe başga görnüşleri hem çykarylýar. Bu uçarlar awiasiýa sergilerinde uly gyzyklanma döredýär.