Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda yglan edilen “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly halkymyz üçin iň bir düşümli ýyllaryň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň agzybir işgärleri hem halal zähmetiň asylly nusgalaryny görkezip, netijeli işleri amal edýärler. Milli Liderimiziň ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek, saýaly we miweli baglary oturtmak barada alyp barýan döwletli syýasaty netijesinde, Diýarymyzyň tebigaty barha gözelleşýär. Sanlyja ýyllaryň dowamynda ekilip, idedilip, günsaýyn boý alýan tokaý zolaklary bu gün oba-şäherlerimiziň daş-töweregini, şäherara ýokary tizlikli ýollaryň gyralaryny bezeýär. Ýaşyl öwsüp oturan arçalyklary göreniňde, gözüň dokunyp, kalbyňda watandaşlarymyzyň yhlasy bilen gözelleşýän tebigatymyza bolan buýsanç döreýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylda bag ekmek möwsüminde ata Watanymyzyň dürli ýerlerinde millionlarça düýp bag nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň tebigatynyň barha gözelleşmegine uly itergi berýär. Ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda hem öz güýjümiz bilen ýetişdiren nahallarymyzyň müňe golaý düýbi Türkmenabat şäheriniň mekdepdir çagalar baglaryna, edara-kärhanalara paýlanyp berildi hem-de şol ýetişdirlen nahallaryň ekiliş we ideg ediliş usullary biziň hünärmenlerimiz tarapyndan üns merkezinde saklanylýar.
Şu günler biz welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, mekdeplerde we çagalar baglarynda bolup, ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek barada milli Liderimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatyny içgin düşündirýäris hem-de ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Şeýle hem ýurdumyzda bar bolan guşlaryň dürli görnüşleriniň, ýagny gözel tebigatymyzda mesgen tutunan we uçup geçýän guşlaryň ähmiýeti we olaryň durmuşumyzda tutýan orny dogrusynda giňişleýin düşündirip, ýaşlarymyzda hem-de dürli ýaşdaky raýatlarymyzda gözel tebigatymyza bolan söýgini artdyrýarys. Bu çäreleri welaýat merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň edara-kärhanalaryndan, mekdepdir çagalar baglaryndan başga-da ýakyn günlerde welaýatymyzyň Farap we Dänew etraplarynda hem geçirmegi meýilleşdirýäris. Olarda, esasan hem, ýörite wideo şekilleri görkezmek arkaly işgärlerimiz tarapyndan her paslyň aýratynlyklary we daragtlara, nahallara edilmeli ideg dogrusynda, şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryň nesil terbiýesinde tutýan orny babatda giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem türkmen halk döredijiliginiň milli öwüşgini bolan küştdepdi tansynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi uly şatlykly wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda geçiriljek iri halkara sport çäresi bolan “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi, şeýle hem giň gerimde geçirilýän welosiped we ylgaw ýaryşlary türkmen sportunyň abraýyny has-da belende galdyrýar. Ine, şu we beýleki durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler dogrusynda wagyz-nesihat çärelerimizde giňişleýin söhbet edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, şeýle-de iri sport çäresi bolan “Amul – Hazar 2018” atly awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna ak pata bermegi buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň il-halky üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde, durmuşa geçirilýän beýik işler ynsan kalbyny joşa getirýär. Biz geljekde hem milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan beýik işlere özümiziň saldamly goşandymyzy goşup, jan aýaman zähmet çekeris.
Goý, şeýle işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan asylly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sähra Saýdaliýewa,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.