Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köp ugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyz jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary saklap gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, ýüzlerçe önümçilik desgalary we durmuş-medeni maksatly binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän esasy görkezijilerdir. Geljekde elektroenergetikanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri – elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, içerki zerurlyklary doly we bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem eksport mümkinçiligini güýçlendirmek maksat edinilýär. Bu babatda ýurdumyzda Prezident maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan beýik işleriň döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagy hem ýokary ösüş depginlerine beslenýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda umumy kuwwatlylygy 1300 MWt-dan gowrak bolan alty sany täze gaz turbinaly elektrik stansiýalary ulanylmaga berildi. Gaz turbinaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze elektrik beketleri ygtybarlylygynyň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň kuwwatlylygy has-da ýokarlandyryldy. Bu ýagdaý ýurdumyzyň ösýän ykdysadyýetini energiýa bilen üpjün etmekde we pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Elektroenergetika ulgamynda ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak hem-de türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, umumy uzynlygy 450 km-den gowrak Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň üstünden Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine çenli 500 kW güýjenmeli elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. Uzynlygy 350 km-den gowrak 220 kW güýjenmeli “Serdar-Farap-Watan”, uzynlygy 124 km-den gowrak “Pelwert-Kerki” elektrik geçiriji ulgamlary, 500 kW güýjenmeli “Kerki” transformator bekedi ulanylmaga berildi. Şeýle hem 220 kW güýjenmeli “Watan” we “Farap” elektrik beketleriniň, Mary DES-niň 500 kW güýjenmeli transformator bekediniň durky täzelendi. Durmuşa geçirilen taslamalar toplumy ýurdumyzyň ykdysady toplumlaryny we ilatymyzy, şeýle hem goňşy ýurtlaryň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde milli energiýa ulgamynyň halkalaýyn arabaglanyşygyny güýçlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Atajan Bäşimow,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.