Howa menziline golaý ýerde ýaşaýanlar uçarlaryň sesine öwrenişmeli bolýarlar. Sebäbi howa gämileri ýokary göterilenlerinde we ýere gonanlarynda güýçli ses çykarýar. Amerikan aerokosmos edarasy NASA uçarlaryň gonýan mahaly çykarýan sesini 70 göterim azaldýan usuly synagdan geçirdi. NASA-nyň Wirginiýa ştatynyň Lengli diýen ýerindäki desgasynda işleýän hünärmenler “Gulfstream III” uçarynda garşylyk görkezmeýän bölekleri barlap gördüler. Şolaryň arasynda uçaryň gonýan wagty howa akymyna rugsat berýän gonuş gurluşynyň örtükleri we beýleki abzallar bar.
Bu usulyň ýolagçy uçarlarynda haçan peýdalanylyp başlanjakdygy aýdylmady. Ýeri gelende aýtsak, gündelik durmuşymyzda ulanylýan tehnologik açyşlaryň köpüsiniň ilki awiasiýa we kosmos pudagy üçin işlenip taýýarlanandygyny ýatlatmalydyrys. Şeýle bolansoň, bu usulyň hem howa gämileri bilen bir hatarda, aşhanamyzdaky islendik enjamda peýdalanylmagy hem mümkin.