“Hon­da” kom­pa­ni­ýa­sy 18 ýyl­dan bä­ri kä­mil­leş­di­ril­ýän ASI­MO tas­la­ma­sy­ny tog­tat­dy. Öz de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­lap hem-de bas­gan­çak­dan çy­kyp bil­ýän we ada­myň ýe­ri­ne ýetirip bil­ýän bir­nä­çe he­re­ke­ti­ni ed­ýän ASI­MO ro­bo­ty­nyň mun­dan beý­läk kä­mil­leş­di­ril­me­jek­di­gi mä­lim edil­di. “Tä­ze­lik­çi he­re­ket­de öňe ädim” (Advanced Step in In­novative Mo­bi­li­ty) diý­me­gi aň­lad­ýan ASI­MO tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ga­za­ny­lan tej­ri­be­ler kom­pa­ni­ýa­nyň iş­läp taý­ýar­la­ýan beý­le­ki tas­la­ma­la­ryn­da peý­da­la­ny­lar. “Kyo­do News” ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, tas­la­ma 2011-nji ýyl­dan bä­ri üýt­ge­şik­lik gi­ri­zil­män­dir. ASI­MO-nyň hiç hi­li gir­de­ji ge­tir­män­li­gi üçin bu tas­la­ma­ny tog­tat­dy­lar. “Hon­da”-nyň ýol­baş­çy­la­ry gel­jek­de hem iki aýak­ly ro­bot­la­ry ön­dür­jek­dik­le­ri­ni, em­ma onuň ady­nyň ASI­MO bol­ma­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Kom­pa­ni­ýa­nyň dö­re­den ro­bo­ty 2000-nji ýyl­lar­da hem­mä­niň ün­sü­ni çe­kip­di. Ol hal­ka­ra ser­gi­le­re we ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­la­ry­na gat­na­şan­da bel­li ki­no ýyl­dy­zy ýa­ly gar­şy­la­nyp­dy. Şol dö­wür­de beý­le­ki ro­bot­lar­da bol­ma­dyk adam­sy­pat he­re­ket­ler hem­mä­ni haý­ran gal­dy­ryp­dy. Wag­tyň geç­me­gi bi­len ASI­MO aý­dym aýt­ma­gy, tans et­me­gi, hat­da adam­la­ryň pi­kir­le­ri­ni bil­me­gi ba­şar­dy. 2011-nji ýyl­da onuň öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýän­di­gi, ýag­ny adam­la­ryň do­lan­dyr­ma­gy­na mä­täç däl­di­gi mä­lim edi­lip­di.
Bo­ýy 1,2 met­re, ag­ra­my 50 kg-a ba­ra­bar bo­lan ro­bot­da ula­ny­lan teh­no­lo­gi­ýa­lar beý­le­ki ugur­lar­da hem peý­da­la­nyl­ma­gy­ny do­wam ed­ýär.
Gel­jek­de iş­le­nip dü­zül­jek ro­bot­la­ryň di­ňe bir gör­kez­mek mak­sat­ly däl, eý­sem, gün­de­lik dur­muş­da ulan­ma­ga ni­ýet­len­jek­di­gi aý­dyl­dy. Kom­pa­ni­ýa mun­dan soň­ra şe­pa­gat uýa­sy ro­bo­tyny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy mak­sat edin­ýär.