“Jaguar Vector Racing” we “Williams Advanced Engineering” şereketleriniň V20E atly elektrik kuwwaty bilen işleýän suw motorynyň sagatdaky tizligi 142,6 km-e ýetip rekord goýdy. Ulagy “Jaguar Vector Racing”-iň esaslandyryjysy Peter Dredj sürdi. Angliýadaky Koniston Woter kölünde şeýle ýokary tizlik bilen hereket eden ulag Angliýadaky hem-de dünýädäki rekordyny täzeledi. Mundan ozalky rekord 123,6 km/s. V20E ulagy “Formula E” tehnologiýasy ulanylyp taýýarlandy. Ulagda iki sany hereketlendiriji bolup, olar agramy 320 kg bolan batareýalar arkaly işledildi. Ýokary tizlikli gaýygyň elektrik, motor we dolandyryş ulgamlaryny “Williams” kompaniýasy üpjün edipdir.
“Jaguar Vector Racing”-iň ýolbaşçysy Malkolm Kreas bu ugurda 12 aýlap zähmet çekendiklerini we ýokary netije gazanandyklaryny belleýär. Şeýle hem bu deňiz gatnawy üçin elektrikleşmegi hödürleýän kuwwaty we köpdürlüligi görkezýän ilkinji uly ädim boldy.
“Jaguar Vector” geljekde hem öz toparynyň täze rekordlar goýmak üçin işlemegini dowam etdirjekdigini we şeýlelikde, innowasiýany ösdürjekdiklerini belleýär.