Stambulda geçirilen klassyk awtoulag festiwalynda dürli “ýaşdaky” awtoulaglardyr awtobuslar, şeýle hem ýük ulaglary görkezildi. Üç günläp dowam eden çäräniň myhmanlary 1886-njy ýyldan 1981-nji ýyllar aralygynda öndürilen bir-birinden owadan ulaglary synlamaga, awtoulag senagatynyň ýyllaryň dowamynda gazanan ösüşini görmäge mümkinçilik aldylar. Bu ýere dünýäniň dürli ýurtlaryndan birnäçe ýyllyk awtoulaglar getirilipdir. Sergide 500 töweregi ulag görkezilip, olaryň arasynda meşhur filmlerde ulanylanlary hem az däl. Bu üýtgeşik sergä awtoulagyň döredijisi hasaplanýan nemes inženeri Karl Benziň sagatdaky tizligi 14,5 km-e ýetýän, 1886-njy ýylda öndürilen ulagynyň täzeden ýasalan nusgasy hem getirilipdir. Şeýle hem 1930-njy ýylda öndürilen “Cadillac V16 Coupe”, 1965-nji ýylda öndürilen “Ford Anglia”, 1960-njy ýylda öndürilen “Impla”, 1952-nji ýylda öndürilen “Desoto”, 1966-njy ýylyň “Mercedes”-i, 1957-nji ýylda çykarylan “Chevrolet” ulaglary görkezildi. Şeýle hem halkara festiwalda Klark Gable, Merilin Monro, Stiw Makkuin, Elwis Presli ýaly meşhur artistleriň ulanan kaşaň awtoulaglary bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi. Serginiň çäklerinde bu awtoulaglaryň satuwy geçirildi.