Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen el telefonlaryny köplenç jübümizde göterýäris. Has owadan we ozalkylaryndan ýuka telefonlar elimizden gaçanynda olaryň döwülmegi ahmal. Şol sebäpli adatça, olara ýörite daşlyk geýdirýäris. Daşlyklar telefony döwülmekden, çyzylmakdan we suwdan goraýar. Emma olar telefony agraldýar we galyňlaşdyrýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin germaniýaly talyp ýaýly gorag ulgamy bolan telefon daşlygyny oýlap tapdy. Ol telefon ýere gaçan ýagdaýynda burçlaryndan ýaýly gurluş çykyp, oňa zeper ýetmeginiň öňüni alýar. Filip Frenzeliň işläp düzen daşlygy telefon ýere gaýdyp başlanyny duýýar. Onuň dört tarapyndan çykýan ýaýlar telefonyň çyzylmagynyň we döwülmeginiň öňüni alýar. Entek bu haryt köpçülikleýin öndürilip başlanmady. Emma Frenzel onuň patentini aldy. Ýaş inženere baýrak hem berildi.