Iňlis işewüri Riçard Bransonyň “Virgin Galactic” kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri kosmos syýahatçylygyny ýola goýmak üçin dürli synaglary geçirýär. Kompaniýa golaýda Ýewropa ýurtlarynda hem bu hyzmaty başlatmak üçin Italiýanyň “Altec” we “Sitael” awiakompaniýalary bilen ylalaşyga gol çekdi. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Italiýada kosmos porty dörediler. Häzirki wagtda synaglaryny ABŞ-da dowam etdirýän kompaniýa “The Grottaglie Spaceport” atly kosmos portuny Taranto-Grottaglýe aeroportunda gurar. Bu taslamanyň üstünde köp wagtdan bäri işleýändiklerini aýdýan kompaniýanyň ýolbaşçylary bu ýerden uçuryljak kosmos gämileri üçin aýratyn gämini işläp taýýarlajakdyklaryny belleýärler. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen “Virgin Galactic” Ýewropanyň çäginde kosmosa adam äkitjek ilkinji kompaniýa bolar.
Işewür Branson eýeçilik edýän kompaniýasynyň “SpaceShipTwo VSS Unity” atly gämisi bilen kosmosa çykan ilkinji ýolagçylaryň biri bolmaga taýýarlyk görýär. “SpaceShipTwo VSS Unity” häzire çenli birnäçe gezek synagdan geçirildi. Soňky synagda “White Knight Two” atly howa gämisi bilen asmana uçurylan “SpaceShipTwo VSS Unity” 30 sekundyň dowamynda 1,9 (2 328 km/s) ses tizligine çykypdy. Synagyň çäklerinde 35 km belentlige galan howa gämisi kosmosa syýahatçy gatnadyp başlanynda, 100 km-e çenli asmana göteriler.