Köp gat­ly jaý­la­ryň peý­da bol­ma­gy bi­len lift­ler oý­la­nyp ta­pyl­dy. Iri şä­her­ler­de dur­mu­şy ýe­ňil­leş­dir­ýän bu en­ja­myň ula­ny­lyp baş­la­na­ny­na 150 ýyl­dan köp wagt ge­çen hem bol­sa, on­da o di­ýen uly üýt­ge­şik­lik edil­me­di – gö­te­ri­ji en­jam şol bir boş­luk­da aşak-ýo­ka­ry gat­nap dur. “Sky­Pod” şe­re­ke­ti bu usu­ly üýt­get­me­gi mak­sat edin­ýär. Tä­ze usul­da lift­ler üçin ni­ýet­le­nen boş­luk edil ýol ýa­ly köp gat­naw­ly bo­lar. Ýol­lar ýa-da met­ro tun­nel­le­rin­de bir­nä­çe ulag bir­wagt­da he­re­ket ed­ýär. “Sky­Pod”-yň hü­när­men­le­ri hem lift üçin dik ýo­ly gur­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär. Onuň çäk­le­rin­de ön­dü­ri­len kap­su­la­lar si­zi öýü­ňiz­den alyp, bi­na­nyň is­len­dik ga­ty­na äkid­ýär. Bu kap­su­la­lar rel­siň üs­ti bi­len he­re­ket ed­ýär. Em­ma ol gö­ni däl-de, aý­la­nyp bil­ýär. Şeý­le-de ol bi­na­nyň di­wa­ry­nyň daş ta­ra­pyn­da hem he­re­ket eder. Ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­lu­lar­da peý­da­la­nyl­ýan ul­gam otur­dy­lan bu usul­da kap­su­la­nyň he­re­ke­ti örän ýum­şak we ra­hat. Bu usu­lyň bi­na­lar­da or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len tä­ze bi­na­gär­lik usul­la­ry­nyň hem ýü­ze çyk­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.