Hy­ta­ýyň teh­no­lo­gi­ýa ägir­di “Bai­du” sü­rü­ji­siz aw­to­bus­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­dy. Kom­pa­ni­ýa “Apo­long” at­ly ulag­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Hy­ta­ýyň iri şä­her­le­rin­de ula­ny­lyp baş­lan­jak­dy­gy­ny, soň­ra bol­sa, beý­le­ki ýurt­la­ra ug­ra­dyl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. “Bai­du” do­lu­ly­gy­na öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýän ulag­la­ry ön­dür­ýän az san­ly kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­dir. Bu ulag­lar­da örän ýo­ka­ry sü­rüş teh­no­lo­gi­ýa­sy ula­nyl­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Ro­bin Li 2018-nji ýy­lyň sü­rü­ji­siz ulag­la­ryň söw­da mak­sat­ly ön­dü­ri­lip baş­la­nan ýy­ly bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ulag­da sü­rü­ji üçin otur­gyç, rul, du­ru­zy­jy we gaz pe­dal­la­ry göz öňün­de tu­tul­man­dyr. 14 orun­lyk jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy elekt­rik kuw­wa­ty bi­len iş­le­ýär. Oňa iki sa­gat zar­ýad ber­len­den soň­ra, 100 ki­lo­metr ýol geç­ýär. Iň ýo­ka­ry tiz­li­gi 70 km/s. Go­laý­da bu döw­re­bap ulag ýur­duň Pe­kin, Şen­çžen, Wu­han we beý­le­ki uly şä­her­le­rin­de ula­ny­lyp baş­la­nar. Ýa­po­ni­ýa­nyň “Soft­bank Group” ma­li­ýe eda­ra­sy bi­len gol çe­ki­len yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de ki­çi göw­rüm­li aw­to­bu­syň in­di­ki ýy­lyň ba­şyn­da To­kio­da hem ula­nyl­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. “Soft­bank”-yň eýe­çi­lik ed­ýän “SB Drive” hem-de aw­tou­lag ön­dü­ri­ji “King Long” şe­re­ket­le­ri­niň ara­syn­da ga­za­ny­lan yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de “Apo­long” mik­ro­aw­to­bus­la­ry­nyň 10-sy Ýa­po­ni­ýa eks­port edi­ler. Bu yla­la­şyk Hy­ta­ýyň da­şa­ry ýur­da sü­rü­ji­siz aw­tou­lag eks­port eden il­kin­ji yla­la­şy­gy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Bu ula­gyň sy­ýa­hat­çy­la­ryň köp bar­ýan ýer­le­rin­de, ho­wa men­zil­le­rin­de we beý­le­ki ýer­ler­de ula­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Döw­re­bap ulag­la­ryň önüm­çi­li­gi ýur­duň Fusz­ýan we­la­ýa­ty­nyň Sy­ýa­myn şä­he­rin­dä­ki za­wo­dyn­da ön­dü­ril­ýär.