Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşululara sarpa goýmak we olary çuňňur hormatlamak mynasyp derejede dowam etdirilýär. Häzirki wagtda olaryň durmuşda we zähmetde toplan baý tejribesi ýaşlary watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek işinde, şeýle hem Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak boýunça wezipeleri berjaý etmekde örän möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesi ugur edinilip, döwlet tarapyndan ýurdumyzda ýaşuly nesil barada alada edilmegine, olaryň durmuş taýdan goralmagyna aýratyn üns berilýär.
Muňa biz ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly enelerimize bagyşlap ýazan eserini okanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Eneler maşgala ojagynyň ýylysy, olar biziň her bir işde maslahatçymyz. Olaryň arasynda uzak ýaşly enelerimiziň bardygy bolsa, bizi diýseň buýsandyrýar. Ýakynda şeýle mährem enelerimiziň biri bilen, ýagny Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Andyr obasynda 1929-njy ýylda doglan 89 ýaşly Oguljemal Talmazowa bilen gürrüňdeş bolup, onuň durmuş ýoly bilen gyzyklandyk. Oguljemal daýza häzirki wagtda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde çagalary, agtykdyr çowluklary bilen ýaşaýar. Oguljemal daýzanyň çagalyk-ýaşlyk döwri kynçylykly ýyllara gabat gelýär. Ol durmuşyň agyr hupbatlaryny başyndan geçirmeli bolýar. Ol oba mekdebiniň 5-nji synpyny tamamlandan soň, okuwy taşlap obada daýhançylyk bilen meşgul bolýar. Onuň mekdep ýyllary 1941-45-nji ýyllaryň urşuna gabat gelýär.
Oguljemal daýza häzirki ajaýyp döwrümize, asuda Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, çagalaryna, agtykdyr çowluklaryna guwanyp, durmuşa, ýaşaýşa bolan höwesiniň möwç urýandygyny öwran-öwran nygtaýar. Bu günki gün Oguljemal daýza bäş çaganyň, ýagny bir ogluň, dört gyzyň, on bäş agtygyň, otuz dört çowlugyň bagtyýar enesi bolup otyr. Olaryň hemmesini ösdürip, kemala getirip, ylymly-bilimli edip durmuş ýoluna ataran ene. “Garryly öý – gaznaly öý” diýlişi ýaly her bir maşgalada ýaşuly nesil maşgalanyň maslahatçysy, öwüt-ündewçisi bolup durýar. Biz her bir işiň başyna barjak bolanymyzda, hökman enelerimize ýa-da atalarymyza maslahat salýarys. Şolaryň bize beren öwüt-nesihatlary bilenem hereket edýäris.
Oguljemal daýzanyň eýýäm iki çagasy, ýagny iki gyzy hormatly dynç alşa çykan. Onuň gyz agtygy Aýna Aşgabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezinde şepagat uýasy bolup işleýär, Aýgül Aşgabadyň sungat mekdebinde okap ýör. Akmämmet Baýramaly şäherçesindäki Maldarçylyk orta hünär okuw mekdebini tamamlap, şol ugurdan zähmet çekýär. Ýene-de bir agtygy Sahysalyh Baýramow Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde filmleriň redaktory bolup işleýär.
Uzak ýaşamagyň syrynyň nämededigini sorap, ýüz tutanymyzda Oguljemal daýza sowalymyza: – Uzak ýaşamak üçin, esasan iýmitiňe seretmeli. Men elmydama ertirligimi süýt önümleri bilen edinýärin. Günortanlyk naharynda bolsa, hökman gatyk içýärin, gapdalyndan alma, käşirdir hyýar ýaly gök önümlerini iýýärin. Çörek we çörek önümlerini bolsa, juda az iýýärin – diýip jogap berdi.
Oguljemal daýza togsana golaýlandygyna garamazdan, öýde el gowşuryp oturmaýar. Tüweleme, ol güýjüniň ýetdiginden öý-hojalyk işleri bilen gümra bolup ýör. Oguljemal daýzanyň agzybir döwletli maşgalasyna, bagtyýarlyk döwrümize guwanjynyň, buýsanjynyň çägi ýok. Ýaşlykdan örän hupbatly we kynçylykly günleri başdan geçiren zenan hökmünde, häzirki ýaşlarymyza şu döwrümiziň gadyryny bilip, buýsanyp ýaşamaklaryndan başga belent bagtyň ýokdugyny nygtaýar. Goý, biziň her birimize şeýle buýsançly zamanamyzyň gadyryny bilip, uzak ýaşamak nesip etsin!
Bagtyýarlyk döwrümizi peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza türkmen halkymyzyň alkyşy çäksizdir. Ata Watanymyzda mähriban halkymyzyň eşretli we bolelin ýaşaýşy ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlarymyzyň göreldeli zähmetine mynasyp baha berlip, olara sylag-hormat edilýär. Bu günki gün biz ýaşuly neslimize hoşallyk sözlerini aýdýarys, olar öz işleri we parasatly öwüt-nesihatlary bilen, ýurdumyzyň rowaçlanmagyna önjeýli goşant goşýarlar. Baý durmuş tejribesini toplan parasatly ýaşulularymyz, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiz Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekde özboluşly mekdepdir.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Türkmenistanyň kinematografiýaçylar
birleşiginiň agzasy, kino sungatyny öwreniji.