Lon­don­da “Bu­ker” baý­ra­gy­nyň 50 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ýö­ri­te baý­rak – “Al­tyn Bu­ker” “Iň­lis nä­ho­şy ” ro­ma­ny­nyň aw­to­ry­na – ka­na­da­ly ýa­zy­jy Maýkl On­dat­že be­ril­di. Ada­ty “Bu­ker” ýyl­da bir ge­zek Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ne­şir edi­len hem-de iň­lis di­lin­de ýa­zy­lan ro­ma­nyň aw­to­ry­na gow­şu­ryl­ýar. Bu baý­rak 1992-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy. Maýkl On­dat­že­niň ki­ta­by­nyň “Bu­ker” baý­ra­gy­nyň ýa­rym asyr­lyk ta­ry­hyn­da iň oňat eser diý­lip yk­rar edi­len­di­gi barada “The Gu­ar­di­an” ne­şi­rin­de ha­bar be­ril­ýär.
Baý­ra­gyň eýe­si oky­jy­la­ryň ses ber­me­gi ar­ka­ly saý­la­ny­lyp alyn­dy. Emin ag­za­la­ry­nyň bi­ri, ýa­zy­jy ze­nan Ka­mi­la Şam­si­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, “Iň­lis nä­ho­şy” seý­rek ro­man­la­ryň bi­ri bo­lup, yn­san aňy­na tiz ara­la­şyp, ýe­ne-de özü­ne do­lan­ma­ga mej­bur ed­ýän hem-de her ge­zek öz­bo­luş­ly duý­gu­la­ra gap­la­ýan eser­dir. Ro­man­da şe­pa­gat uýa­sy bi­len agyr hal­da­ky nä­ho­şuň gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Eser­dä­ki wa­ka­lar Ikin­ji ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da bo­lup geç­ýär. 1996-njy ýyl­da “Iň­lis nä­ho­şy” ese­ri bo­ýun­ça re­žiss­ýor En­to­ni Min­gel­la ta­ra­pyn­dan ady­bir film su­ra­ta dü­şü­ri­lip, Os­kar baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy.