Bil­şi­miz ýa­ly, üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy kä­bir se­bäp­le­re gö­rä, şwed aka­de­mi­ýa­sy­nyň ka­ra­ry bi­len gow­şu­ryl­ma­dy. Şu ýag­daý­lar na­za­ra al­nyp, köp san­ly şwed ýa­zy­jy­sy­nyň, akt­ýo­ry­nyň we žur­na­lis­ti­niň ta­gal­la­sy bi­len tä­ze aka­de­mi­ýa dö­re­dil­di. Bu aka­­de­mi­ýa­nyň şu ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da öz baý­ra­gy­ny gow­şur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni “The Gu­ar­di­an” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär.
Tä­ze aka­de­mi­ýa şwed ki­tap­ha­na­çy­la­ry­nyň äh­li­si­ni ýa­zy­jy­la­ry bel­li­ge al­ma­ga ça­gyr­dy. Hä­zir bu tä­ze baý­ra­gy al­ma­ga da­laş­gär ýa­zy­jy­la­ryň 47-si bel­li­ge alyn­dy. Ola­ryň ara­syn­da dün­ýä bel­li ýa­zy­jy­la­ryň en­çe­me­si bar. Dün­ýä­niň is­len­dik ýur­du­nyň ýa­zy­jy­sy baý­ra­ga da­laş­gär bo­lup bi­ler, em­ma ola­ryň ede­bi­ýat go­run­da oky­jy­lar ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gar­şy­la­nan iki ese­ri­niň bol­ma­gy hök­man­dyr. Ola­ryň bi­rem soň­ky 10 ýyl­lyk­da ne­şir edi­len bol­ma­ly­dyr. Wagt­la­ýyn dö­re­dil­en tä­ze aka­de­mi­ýa­nyň ag­za­la­ry ede­bi­ýat meý­da­nyn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len sy­lag­la­ma­gy mak­sat edi­nip, yn­san­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy ba­ra­da gür­rüň ber­ýän ýa­zy­jy­la­ry göz­le­ýär­ler.
Şunuň bilen birlikde, şwed aka­de­mi­ýa­sy­nyň gel­jek ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da 2018-nji we 2019-njy ýyl­la­ryň No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­rak­la­ry­nyň iki eýe­si­niň ady­ny bir­ba­da mä­lim et­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär.