Grek we ne­mes ar­heo­log­lar to­pa­ry Pe­lo­pon­nes ýa­rym ada­syn­da­ky ga­dy­my Olim­pi­ýa­da ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çir­ýän wag­ty Go­me­riň “Odis­se­ýa” poe­ma­sy­nyň keramiki tablisanyň ýüzüne ýa­zy­lan bir par­ça­sy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. On­da ese­riň XIV bö­lüm­çe­sin­den 13 se­tir bar. On­da Ita­ka ada­sy­nyň şa­sy – baş gah­ry­man Odis­seý özü­niň we­pa­ly dos­ty Ew­me­ýe ýüz­len­ýär. Bu ta­pyn­dy Rim döw­ri bi­len se­ne­le­ni­lip, mi­la­dy­dan öň, III asy­ra de­giş­li ha­sap edil­di. Par­ça­nyň ýa­şy he­niz do­ly aýan edi­le­nok. Ýö­ne to­ýun ýaz­gy­nyň ar­heo­lo­gik, epig­ra­fik, ede­bi we ta­ry­hy jä­het­den gym­mat­ly ta­pyn­dy bo­lup dur­ýan­dy­gy Gre­si­ýa­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň be­ýa­na­tyn­da ha­bar be­ril­ýär.
“Odis­se­ýa” “Il­ia­da­dan” soň, ikin­ji nus­ga­wy poe­ma bo­lup, ga­dy­my grek şa­hy­ry Go­me­re (mi­la­dy­dan öň VIII asyr) de­giş­li ha­sap­lan­ýar. Eser­de Odis­seý at­ly mi­fik gah­ry­ma­nyň Tro­ýa sö­we­şi ta­mam­la­nan­dan soň, wa­ta­ny­na do­la­nyp gel­ýär­kä eden ja­han­keş­de­li­gi hem-de Ita­ka ada­syn­da oňa ga­ra­şan aýa­ly Pe­ne­lo­panyň baş­dan­ge­çir­me­le­ri gür­rüň be­ril­ýär. Poe­ma dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň iň naý­ba­şy eser­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.