Hok­keý bo­ýun­ça Rus­si­ýa­da ge­çi­ri­len 80-nji Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Ka­na­da­nyň ýy­gyn­dy­sy ýe­ňi­ji bol­dy. Olar fi­nal­da Finl­ýan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. De­mir­ga­zyk ame­ri­ka­ly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Kon­nor Mak­De­wid (11:24) bi­len Mett Dýu­şen (59:59) ge­çir­di. Bu ka­na­da­ly­la­ryň Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ky bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da 26-njy çem­pi­on­ly­gy bo­lup, olar bu ugur­da Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan (27) soň, 2-nji ha­tar­da bar­ýar. Fi­nal­çy fin­ler hä­zi­re çen­li 2 ge­zek çem­pi­on bo­lup­dy­lar. Olar 8-nji ýo­la kü­müş me­da­la eýe­lik et­di­ler.
Baý­rak­ly 3-nji ýer ug­run­da ýer eýe­si Rus­si­ýa bi­len ABŞ-nyň mil­li to­par­la­ry du­şuş­dy. Ýer eýe­si Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ABŞ-nyň mil­li to­pa­ry­ny 7–2 ha­sa­byn­da utup, 9-njy sa­par bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Rus­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Woý­now (06:23), Moz­ýa­kin (13:41, 53:13), Te­le­gin (29:36), Da­do­now (32:49), Pa­na­rin (35:22) hem-de Şi­paç­ýow (59:53), myh­man­la­ryň 2 to­pu­ny-da Wat­ra­no (34:29, 43:42) öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy.
6-njy maý­da baş­lanan 80-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty­na 16 ýy­gyn­dy gat­na­şyp (“A”: Rus­si­ýa, Şwe­si­ýa, Çe­hi­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Lat­wi­ýa, Nor­we­gi­ýa, Da­ni­ýa, Ga­za­gys­tan; “B”: Finl­ýan­di­ýa, Slo­wa­ki­ýa, Fran­si­ýa, Ka­na­da, ABŞ, Be­la­rus, Weng­ri­ýa, Ger­ma­ni­ýa), olar 2 to­par­ça­da çy­kyş et­di. Du­şu­şyk­lar Mosk­wa­ (WTB buz­ly köş­gi) hem-de Sankt-Pe­ter­burg (“Ýu­bi­leý­nyý” sport komp­lek­si) şä­her­le­rin­de ge­çi­ril­di. Her to­par­ça­nyň öň­dä­ki 4 ýy­gyn­dy­sy çär­ýek fi­na­la çyk­dy. Çär­ýek fi­nal­da ABŞ Çe­hi­ýa­ny 2–1, Ka­na­da Şwe­si­ýa­ny 6–0, Finl­ýan­di­ýa Da­ni­ýa­ny 5–1 hem-de Ger­ma­ni­ýa Rus­si­ýa­ny 4–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Ýa­rym fi­nal­da-da Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy fin­ler­den 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. ABŞ we­lin, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka der­bi­sin­de, çe­ke­le­şik­li du­şu­şyk­dan soň, Ka­na­da­dan 4–3 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip­di.
Çem­pio­na­tyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy diý­lip, fi­nal­çy fin­ler­den Pat­rik Laý­ne saý­lan­dy. Ol iň ök­de hü­jüm­çi di­ýen ada-da my­na­syp bol­dy.
Çem­pio­nat geljek ýyl Köln (Ger­ma­ni­ýa) we Pa­riž (Fran­si­ýa­) şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­ler.