Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da kos­mos ba­ra­da has iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da te­le­fon­da gep­leş­mek, te­le­ýaý­ly­ma to­ma­şa et­mek, ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny çak­la­mak we gün­de­lik dur­muş­da ze­rur bo­lan dür­li iş­le­ri et­mek üçin kos­mos ara­gat­na­şyk ulgamlaryna ze­rur­lyk duý­ýa­rys. Eý­sem, biz kos­mos ba­ra­da nä­me­le­r bil­ýä­ris?! Ge­liň, bu ba­ra­da kä­bir zady öw­re­ne­liň.

Mult­film­ler­de ýa-da film­ler­de gör­şü­miz ýa­ly, Ýe­riň at­mos­fe­ra­sy­nyň da­şyn­da Aý, eme­li hem­ra­lar, me­te­or­it­ler, as­man ji­sim­le­ri, has daş­rak­da ýyl­dyz­lar bar.

Ýer beý­le­ki bir­nä­çe as­man ji­si­min­den ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ýa­şa­ýyş üçin amat­ly ýe­ke-täk pla­ne­ta­dyr.

Mil­liard­lar­ça ýyl­dy­zyň eme­le ge­tir­ýän top­lu­my­na ga­lak­ti­ka di­ýil­ýär. Iň uly ga­lak­ti­ka­da­ky ýyl­dyz­la­ryň sa­ny­ bir­nä­çe tril­li­ona ýet­ýär. Ga­lak­ti­ka­lar­da­ky ýyl­dyz­la­ryň or­ta­ça sa­ny 200-300 mil­liard ara­ly­gyn­da bol­ýar.

Pla­ne­ta­lar Gü­nüň da­şyn­dan we öz oku­nyň da­şyn­dan yzy­gi­der­li aý­lan­ýar­lar.

Gün ul­ga­myn­da je­mi 8 pla­ne­ta (Plu­to­ny ha­sap­la­saň, 9) bo­lup, Ýer Gün ta­rap­dan 3-nji ýer­de durýar. Gün ulgamyndaky pla­ne­ta­la­ryň je­mi 61 hem­ra­sy bar. Şeý­le hem pla­ne­ta­la­ryň ara­la­ryn­da bir­nä­çe me­­teor­it­ler we ko­me­ta­lar bar.

Ga­lak­ti­ka­la­ryň mer­ke­zin­i ýyl­dyz­lar, tö­we­re­gi­ni yzy­gi­der­li aý­lan­ýan gaz we bu­lut­lar eme­le ge­tir­ýär. El­bet­de, ýyl­dyz­la­ryň da­şyn­da pla­ne­ta­lar we beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri hem bol­ýar.

Bi­ziň pla­ne­ta­my­zyň ýer­leş­ýän ga­lak­ti­ka­sy­na Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly di­ýil­ýär. Beý­le­ki uly ga­lak­ti­ka­lar­da bol­şy ýa­ly Ak­ma­ýa­nyň ýo­lun­da hem mer­kez­dä­ki ýyl­dyz­lar has uly ýaş­ly bo­lup, ola­ryň reň­ki gy­zyl we sa­ry bol­ýar. Çet­ki ýyl­dyz­lar has gyz­gyn we gök bolýar.

Beý­le­ki ul­gam­lar­da­ky pla­ne­ta­la­ryň öz Gü­nü­niň da­şyn­dan aý­la­ny­şy ýa­ly, Gün ul­gam­la­ry hem ga­lak­ti­ka­nyň mer­ke­zi­niň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Gün ul­ga­my mer­ke­ze ýa­kyn­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, bir ge­zek­ki aý­la­wy­ny 220 mil­li­on ýyl­da ta­mam­la­ýar.

Gün ul­ga­myn­da­ky pla­ne­ta­la­ryň kä­si­niň gyz­gyn­ly­gy gur­şu­ny ere­dip bil­jek de­re­je­de, kä­bi­ri tu­tuş­ly­gy­na buz­luk­lar bi­len ör­tü­len­dir.

Ýyl­dy­zlara se­re­de­ni­miz­de, olar bäş­burç ýa-da al­ty­burç gör­nüş­de gö­rün­ýär. Em­ma olar hem edil Gün ýa­ly to­ga­lak­dyr. Ýe­ri ge­len­de aýtsak, Gün hem or­ta ulu­lyk­da­ky ýyl­dyz­la­ryň bi­ri­dir.