Şwesiýanyň “Einride” şereketi ýolsuz ýerde hereket edip bilýän sürüjisiz ýük ulagyny işläp taýýarlady. “T-Log” atly ulag agaç pürslerini daşamaga niýetlenipdir. “T-Log” dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär we onda sürüji üçin kabina göz öňünde tutulmandyr. Mundan ozal, şereket “T-Pod” atly sürüjisiz ýük ulagyny öndüripdi. Emma täze ulagyň öňküden esasy tapawudy ýolsuz ýerde hem hereket edip bilmegidir. Ulag Angliýada geçirilen “Goodwood” festiwalynda tanyşdyryldy. Ýük göterijiligi 16 tonnalyk ulag tokaýdaky nätekiz ýollarda hereket edip bilýär. Adatça, sürüjisiz ulaglar diňe belli bir ýolda sürüjisiz ýagdaýda hereket edip bilýär. “T-Log” bolsa, öz ýoluny tapmak üçin “Einride Nvidia” awtonom sürüş usulyndan peýdalanýar. 4-nji derejeli awtonom sürüş (ulagyň belli bir meýdanda dolulygyna özbaşdak hereket etmegi) ukyby bolan ýük ulagyny “Phantom Auto” atly ulgamy arkaly ony ýüzlerçe km uzaklykdan hem dolandyryp bolýar. Bu bolsa, onuň tokaýda ýüze çykan päsgelçilikden has aňsatlyk bilen geçmegine ýardam eder.
“T-Log”-yň 16 kWh kuwwatly batareýasy onuň 200 km ýol geçmegine mümkinçilik berýär. Ulagyň 2020-nji ýylda önümçiligine başlanmagyna garaşylýar.