Ka­na­da­nyň aw­tou­lag şe­re­ke­ti “Electra Meccanica” bir orun­lyk üç ti­gir­li aw­tou­la­gyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýar. 15 müň dol­lar­dan sa­tyl­jak “So­lo” at­ly ulag­dan, il­kin­ji no­bat­da, 75 müň sa­ny­sy ön­dü­ri­ler. Ag­ra­my 675 kg-lyk aw­tou­lag 61 kW elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji bi­len iş­le­ýär. He­re­ket­len­di­ri­ji di­ňe yz­ky bir ti­g­ri aý­la­ýar. Tiz­li­gi sa­gat­da 132 km-e ýet­ýän ula­gyň ba­ta­re­ýa­sy 6 sa­gat­da dol­ýar. Bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 161 ki­lo­metr ýol ge­çýär. Şeý­le hem ula­gy has az wagt­da hem zar­ýad­lan­dy­ryp bol­ýar. Ulag­da açar­syz gulp, du­ry iç­ki ses ul­ga­my, park üçin ka­me­ra, 285 litr­lik ba­gaž, ser­gin­le­di­ji, ýy­la­dy­jy­ly otur­gyç ýa­ly sü­rü­ji­niň ra­hat­ly­gy üçin äh­li şert­ dö­re­di­lip­dir. Sent­ýabr­da önüm­çi­li­gi­ne baş­lan­jak ulag ýe­ke sür­ýän­ler üçin örän tyg­şyt­ly bo­lar. Hy­ta­ýyň mo­to­sikl ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­sy “Zongs­hen In­dust­ri­al Group” bi­len önüm­çi­lik yla­la­şy­gy­na gol çe­ken “Electra Meccanica” bu yla­la­şy­gyň ne­ti­je­sin­de Wan­ku­wer­dä­ki eda­ra­sy­na sy­nag mak­sat­ly ibe­ri­len iki ula­gy ka­bul edip al­dy. Ula­gyň önüm­çi­li­gi­ne baş­la­nan ýy­lyň do­wa­myn­da 5 mü­ň, soň­ky ýyl 20 mü­ň we üçün­ji ýyl­da bol­sa, 50 mü­ň ulag çy­ka­ry­lar. Il­kin­ji no­bat­da, ABŞ-ly we ka­na­da­ly müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­jek ula­gy al­mak is­le­ýän­ler öňün­den 250 dol­lar tö­läp, sar­gyt et­me­li  bo­lar.