Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) ýylyň 5-nji ýaryşy bolan Portugaliýa rallisinde “Sitroen Abu Dabi Total” toparynyň Beýik britaniýaly sürüjisi Kris Mike ýeňiji boldy. Ol ýurduň Matasinhos şäherinde geçirilen 368 kilometrlik we 19 tapgyrdan ybarat bäsleşigi 3 sagat 59 minut 1 sekuntda tamamlady. Bu üstünlik 36 ýaşly pilotyň şu möwsümdäki 1-nji, karýerasyndaky 2-nji Ralli ýeňşidir. “Wolkswagen” toparyndan norwegiýaly Andreas Mikkelsen ýeňijiden 29,7 sekuntlyk pes netije bilen 2-nji ýeri eýeledi. Möwsümiň ilkinji 2 ýaryşynyň ýeňijisi, soňky 3 ýylyň çempiony, fransiýaly Sebastian Ožie (“Wolkswagen”) ýene-de 3-njilik bilen kanagatlanmaly boldy. Ožie muňa gazamazdan, sanawda 1-nji hatarda barýar. Bu bäsleşikden soň, utuk sanyny 114-e ýetiren Ožie aratapawudy 47-ä çykardy. Sanawda 2-nji ýerdäki Mikkelseniň 67, 3-nji orundaky başga bir norwegiýaly pilot Mads Ostbergiň 58 utugy bar. Täze zelandiýaly Haýden Paddon bilen ispaniýaly Dani Sordo 4–5-nji orunlary paýlaşyp, olar degişlilikde, 57–56 utuk toplady. Dünýä Ralli çempionatynda indiki ýaryş 9–12-nji iýun aralygynda Italiýada bolar.
Moto GP-de möwsümiň 6-njy bäsleşigi Italiýada geçirildi. Florensiýa şäherindäki “Mugello” trassasynda bolan 23 aýlawlyk ýaryşda Horge Lorenzo (“Mowistar Ýamaha”) ýeňiş gazandy. Ol 5-nji hatardan başlan ýaryşynda 2-nji öwrümde 1-njilige geçdi. Soňky tapgyrda Markes ondan öňe saýlansa-da göni ýolda Lorenzo ýene-de ornuny almagy başardy. Pellehana 41 minut 36,535 sekuntda gelen Horge Lorenzo, bassyr 2-nji, Moto GP karýerasynda-da 43-nji sapar ýeňiş gazandy. Lorenzodan 0,019 sekuntlyk az netije görkezen başga bir ispaniýaly pilot Mark Markes (“Repsol Honda”) 2-nji, şeýle hem ýeňijiden 4,7 sekunt yza galan “Dukatiniň” italýan sürüjisi Andrea Iannone 3-nji orna mynasyp boldy. Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden Walentino Rossi 15 aýlaw galanda, awariýa uçrady we ýaryşy tamamlap bilmedi.
Italiýa “Gran Prisinden” soň utugyny 115-e çykaran Horge Lorenzo arany birneme açyp başlady. Watandaşy Mark Markes 105 utuk bilen 2-nji, 78 utuk toplan Walentino Rossi 3-nji basgançagy eýeleýär. Möwsümiň indiki ýaryşy Katalunýa “Gran Prisi” 5-nji iýunda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçiriler.