“Nissan Leaf” Ýewropada ýylyň birinji ýarymynda iň köp satylan elektroulag boldy. Oňa diňe Ýewropada däl, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem isleg barha ýokarlanýar. Alty aýyň dowamynda bu ulagyň Ýewropada 18 müňden gowragy ýerlenipdir. 2017-nji ýylyň oktýabryndan bäri “LEAF”-iň üçünji nesline degişli nusgasyndan 37 müň sanysy satylypdyr. Kuwwatlylygy, daşky görnüşi we sürüji üçin hödürleýän rahatlygy dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň dünýäde-de iň köp hyrydarly elektroulaglaryň birine öwrüpdir. Bir gezekki zarýady bilen 270 kilometr ýol geçýän “LEAF” häzire çenli birnäçe baýraga mynasyp boldy.