“Porsche AG” kompaniýasy ýylyň birinji ýarymynda dünýäde 130 598 ulag satyp, öz rekordyny täzeledi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3 göterim köpdür. “Panamera” modeli halkara bazarda iň köp satylan awtoulag boldy. Dört gapyly sport ulagyndan 20 500 sanysy satyldy. “Porsche 911”-iň satuwy bolsa, 28 göterim artyp, 21 400 müşderi kompaniýanyň bu ulagyndan edinipdir. “Macan” (46 600) we “Cayenne” (28 700) modelleri iň köp satylan ulaglar bolupdyr. “Porsche AG”-niň Satuw we marketing boýunça dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Detlew fon Platen “Porsche” döredilenine 70 ýyl bolan sport awtoulaglarynyň esasy modeli “911”-iň ýoluny ynamly dowam etdirýändigini belledi. Platen bu ýagdaýyň brendiň kuwwatynyň we meşhurlygynyň alamatydygyny aýdýar. “Porsche” satuwy degişli döwürde öz ata watany Germaniýada 11%, Ýewropa ýurtlarynda 9 % artypdyr. Hytaýda 33 363 “Porsche” satylyp, iň uly bazary boldy. Bu görkeziji ABŞ-da 29 421-e deň boldy.