Smartfonlaryň kameralaryny üpjün edýän “Sony” täze sensoryny tanyşdyrdy. Täze işlenip düzülen sensor dünýäniň iň kiçi piksel ölçeginde (0,8 mikrometr). 48 megapiksel durulygy bolan sensor smartfonlaryň kamerasynyň hilini görnetin ýokarlandyrar. Hil babatda IMX586 atly sensor adaty SLR fotoenjamlaryň iň ýiti bäsdeşi bolar. Bu sensor ýanaşyk 2×2 pikseliň şol bir reňkden gelýän “Quad Bayer” reňk filtri arkaly ýokary durulykdaky şekilleri alyp bilýär. Pes ýagtylykda surata alnanda, dört sany ýanaşyk pikselden gelýän signallar goşulýar we duýgurlyk 1,6 mikron piksele (12 megapiksel) deň bolýar. Bu bolsa, has ýagty we dury surata düşürmäge mümkinçilik berýär. Dünýäniň iň pes piksel ölçegli (0,8 mikrometr) sensory bolan IMX586 sekuntda 90 kadr 4K we sekuntda 240 kadr “Full HD” wideo ýazgy almaga mümkinçilik berýär. Bu täze sensoryň, ilkinji nobatda, “Sony” telefonlarynda ulanylmagyna garaşylýar.